29/06/2026
36
KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ «YONHAP» HABARLAR AGENTLIGINIŇ WEKILLERINIŇ TANYŞLYK SAPARY
2026-njy ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Merkezi Aziýa—Koreýa» formatyndaky birinji sammitiň ähmiýetini Koreýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde wagyz etmek hem-de türkmen-koreý gatnaşyklary barada ýörite maglumatlary taýýarlamak maksady bilen ýurdumyza sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň «Yonhap» habarlar agentliginiň habarçysy Song Doheniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen institut boýunça tanyşlyk geçirildi.
Saparyň dowamynda myhmanlar ýurdumyzyň bilim pudagyna degişli edaralaryna, şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň türkmen diplomatiýasynyň taryhy muzeýine, «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubuna baryp, aýlanyp gördüler we ýokary baha berdiler.
Tanyşlyk saparynyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklarynyň taryhy ähmiýeti barada belläp, geljekde ýaş hünärmenleriň tejribe alyşmagyny dowam etdirmegiň ikitaraplaýyn bähbitlidigi dogrusynda nygtadylar.
Sylapberdi ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby
Soňky täzelikler
10/06/2026
ILÇI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK
20/05/2026
TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK