
448
Hytaý diliniň iýeroglifleriniň aýratynlygy
Iýeroglifleri (düşnüksiz hat — hytaý ýazuwyny) öwrenmegiň köp sanly usullary we ýollary bar. Käbir dilçiler iýeroglifleri öwrenmek (iýeroglifleri tanadýan) olaryň açarlaryndan baş çykaryp bilişiňe bagly diýip düşündirýärler. Ýöne iýeroglifleri öwrenmekde sadadan çylşyrymla, aňsatdan kyna geçmek iň netijeli usullaryň biri hasaplanylýar.
Aslynda aýdylýan daşary ýurt dilinde gürlemek, şol dilde okamakdan aňsat diýilýän gürrüň dogrudyr. Şol sanda hytaý diliniň sözleýiş bölegini öwrenmek hem hytaý diliniň ýazuwyny öwrenmek bilen deňeşdirlende belli bir derejede aňsat görülýär. Ony bu dili öwrenmäge synanyşanlaryň köp bölegi aýdyp biler. Şekillerden gelip çykan iýeroglifler bolsa bir zada meňzedip ýatlanylsa, olary ýazmagy has çalt öwrenip bolýar.
Usuly nukdaýnazardan seredeniňde hytaý ýazuwyny özleşdirmek islendik beýleki dilleri öwrenmek işinden üýtgeşik tapawutlanmaýar. Öwrenijide esasan çyzyş (grafika) boýunça ýazyş endikler, ýazuw diliniň aýdylyş ukyplary, leksiki endikler, şeýle hem maglumaty görmek arkaly ony kabul ediş ukyby, iýeroglifleri görende tanap, okap bilmek ýaly başarjaňly häsiýet emele gelen bolmaly ýa-da belli bir wagtyň içinde şulary ösdürmäge çalyşmaly.
Hytaý ýazuwyny öwrenmekde esasy mesele şundan ybarat: ýagny, hytaý dilindäki iýeroglifler çyzyklardan durup, olarda roman dilleri toparyndaky harplardan tapawutlykda fonema bolmaýar. Şol sebäpli hem hytaý dilini öwrenmekde sözleýiş dilini bilmek we iýeroglifleri tanamagyň arasynda tapawudyň bolşy ýaly, olary okap we ýazyp bilmegiň arasynda hem uly aýratynlyk bardyr. Çünki bu ýa-da beýleki bir sözüň aýdylşyny bilmek diýmek bütinleý şol sözleri okap, ýazyp bilmek diýmegi aňlatmaýar. Sebäbi sözi okamagyň, ýazmagyň we aýtmagyň arasyndaky tapawut dünýäniň ähli dillerinde hem bardyr.
Şeýlelikde, hytaý dilini öwrenmek işinde öwrenijiniň öňünde elipbiýi bolan dilleri öwrenenden has köp kynçylyklar ýüze çykýar. Hytaý iýeroglifikasyny öwrenýän öwrenijiniň öňünde ýüze çykýan şeýle kynçylyklaryň biri hem binýatlaýyn grafiki elementleriň has köp mukdaryny öwrenmek zerurlygydyr. Ýene bir kynçylyk iýeroglifleriň düzüminde esasy elementleriň tejribe taýdan çäklendirilmedik görnüşini üýtgedijiligi bilen baglydyr.
Hytaý diliniň ýazuwyny okatmagyň tärleri hem-de usullary boýunça dürli garaýyşlaryň ýüze çykandygy sebäpli, hytaý iýeroglifikasyny okatmagyň usulyýeti babatda köp derňewler geçirildi. Şunuň netijesinde okatmak üçin köp sanly çemeleşmeler işlenip düzüldi. Şu derňewleriň köpüsi ilkinji nobatda hytaýyň ýaş nesillerine hytaý ýazuwyny öwretmek meselesine bagyşlanandygyny bellemek gerek. Olar bu diliň göterijileri bolup, hytaý dilinde düşünip we gürläp bilýärler. Şol sebäplide şu ugurdaky derňewleriň we çemeleşmeleriň bir toparyny hytaý dilini daşary ýurt dili hökmünde öwrenýänler üçin ulanyp bolmaýar.
Ýokarda sanalyp geçilen çemeleşmeleriň ählisini baglanyşdyrýan umumy pikir hytaý dilini öwrenmekde örän uly ähmiýete eýe bolan iýeroglifikany öwrenmek bolup durýar. Dil öwrenji aslyýetine seredeniňde, diňe köp sanly iýeroglifleri özleşdirenden soň, okaýyş we ýazuw endiklerini öwrenmeklige geçip biler.
Seredilip geçilen bu usullardan başga-da umumy ýörelgelere esaslanýan hytaý ýazuwyny öwrenmegiň köp sanly dürli usullary hem-de ony okatmagyň ýollary bardyr. Döwrüň ösüşi bilen bagly ýeňil interaktiw görnüşde öwrenijilere öwretmäge mümkinçilikleri berýän dürli täze-täze programmalar, elektron we multimediýa gurluşlar ýüze çykýar. Şeýle serişdeleriň ulanylmagy esasynda okatmak prosesi hem örän peýdaly bolup biler.
Şeýlelik bilen ähli ýokarda seredilip geçilenlerden hytaý iýeroglifikasyny öwrenmek üçin iň netijeli çemeleşmeler öwrenijileriň bilýän açarlaryna, olaryň görnüşlerine (semantiki we fonetika) esaslanýan öwrenmegiň usuly bolup durýar. Bu bir tarapdan iýeroglifleri has ýeňil ýatda saklamaga, onuň manysy bilen grafiki görnüşiniň laýyk gelmegine, beýleki tarapdan bu işi amal etmek üçin iki dilli sözlükler önjemli işlemäge ýardam berer.
Mundan başga-da, şeýle usullar öwrenijilerde iýeroglifiň manysyny we okalyşyny çaklamak endiklerini ösdürmäge ýardam eder. Şol sanda şu çemeleşmeler sebäpli dil öwreniji iýeroglifiň gurluşyny düzmek we derňemek, iýeroglifiň açaryny kesgitlemek, şeýle hem özleşdirilen sözleriň dürs ýazuw kadasyny ele almak ukybyny yzygiderli kämilleşdirer.
Hytaý dilini okatmak ulgamlaýyn bolmaly we diliň ähli jähtlerini ýakyn özara gatnaşykda jemlemeli. Şeýle-de öwrenijileriň ýaşyna laýyklykda olaryň psihologik we şahsy aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak dogry bolar.
Mähriban GELENOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.