Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • HALYPA MUGALLYMYŇ GATNAŞMAGYNDA YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • Täsirli duşuşyk
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Взгляд на 2026 год лидеров США, России и Китая
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Ýaş alymlar geňeşi / Hukukçy talyplarymyz üstünlik gazandylar
    Hukukçy talyplarymyz üstünlik gazandylar surady
    23/12/2023

    1824

    Hukukçy talyplarymyz üstünlik gazandylar

    2023-nji ýylyň 22-nji dekabrynda “Hukukçy” hojalyk jemgyýetiniň yglan eden raýat hem-de jenaýat işleri boýunça “Mysaly okuw” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry we ýaryşyň jemi paýtagtymyzyň “Grand” myhmanhanasynda jemlendi. Bu bäsleşige Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hukuk hünärinde okaýan talyplaryndan hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy Akademiýasynyň diňleýjilerinden düzülen toparlar gatnaşdylar.Okuw-tejribe görnüşinde meýilleşdirilen bäsleşige jemi 36 topar hasaba alnyp, olardan 16-sy raýat işi boýunça, jenaýat işi boýunça bolsa 2 topar bäsleşigiň birinji tapgyryndan geçmegi başardylar.
    Bäsleşik talyplaryň ýokary okuw mekdebinde alýan nazary bilimlerini tejribe bilen utgaşdyrmak, olaryň geljekki hünär işi üçin zerur bolan durmuş başarnyklaryny, hukuk endiklerini has-da kämilleşdirmek, ýurdumyzda hukuk aňyýetiniň, biliminiň hem-de medeniýetiniň ösüşine goşant goşmak maksady bilen geçirilip, onda talyplara tejribeden alnan bir jedelli ýagdaýy Türkmenistanyň kanunçylygyna esaslanyp seljermek we ony mysaly kazyýet önümçiligini gurnamak görnüşinde alnyp baryldy. Institutymyzdan hem bu bäsleşige hukuk hünärinde okaýan talyplardan düzülen toparlar gatnaşyp, “Jenaýat işi boýunça finalist topar” — 3-nji ýyl talyplarymyz Leýli Arapowa we Altyn Babyşowa, “Bäsleşigiň iň gowy dilewary” diýen ugry boýunça 2-nji ýyl talybymyz Intizar Taganyýazowa ýeňiji bolmagy başardylar. Ýeňiji toparlara şeýle hem, beýleki gatnaşan toparlara höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy. Umuman, netijeli geçen bäsleşigiň ahyrynda talyplar şu bäsleşigi gurnan “Hukukçy” hojalyk jemgyýetine we onuň guramaçylyk toparyna özleriniň minnetdarlygyny bildirdiler.

    Mäneguly ÖWEZOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    “ÝAŞ YKDYSATÇYLAR” YLMY GURNAGYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    10/10/2025

    “ÝAŞ YKDYSATÇYLAR” YLMY GURNAGYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    Ylma goýulýan hormat surady

    12/06/2025

    Ylma goýulýan hormat
    Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi surady

    29/05/2025

    Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI