20/12/2025
23
Halkara raýdaşlyk güni
Bütindünýäde bellenilip geçilýän halkara günler jemgyýetçilik bilen baglanyşykly meseleler barada habarly bolmak, global kynçylyklary çözmek, asudalygy, parahatçylygy pugtalandyrmak, şeýle hem adamzadyň gazananlaryny berkitmek üçin esas bolup hyzmat edýär. Bu halkara günleriň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilmegi bolsa olaryň ähmiýetiniň has hem ýokarydygyny görkezýär.
Şeýle ähmiýetli seneleriň biri bolan Halkara raýdaşlyk güni 2006-njy ýyldan bäri her ýyl 20-nji dekabyrda Birleşen Milletler Guramasynyň başlangyjy esasynda bütindünýäde giňden bellenilip geçilýär. Bu halkara gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2006-njy ýylyň 17-nji martyndaky rezolýusiýasy bilen esaslandyryldy. Bu sene dünýä döwletlerini we halklaryny birek-birege goldaw bermäge, parahatçylygy pugtalandyrmaga, özara düşünişip ýaşamaga, dünýä ýüzünden garyplygy düýbünden ýok etmäge çagyrýar.
Halkara raýdaşlyk güni millet, din, dil we medeni tapawutlyklaryna garamazdan, adamzadyň umumy gymmatlyklarynyň birdigini nygtaýar. Raýdaşlyk – bu ynamyň, ynsanperwerligiň we umumy maksatlaryň nyşanydyr. Hut şu gymmatlyklary berkitmek üçin adamzat ýagty geljege tarap ynamly gadam basýar.
Bu babatda, Türkmenistanyň alyp barýan bitaraplyk syýasaty hem halkara raýdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Ýurdumyzyň daşary syýasatynda parahatçylyk, dostluk we ynanyşmak ýörelgeleri ileri tutulýar. Türkmenistan halkara guramalaryň çäginde raýdaşlygy pugtalandyrmaga, ynsanperwer başlangyçlary goldamaga, halklary jebisleşdirmäge, sebit we dünýä derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmäge işjeň gatnaşýar. Halkara raýdaşlyk güni birek-biregi sylamaga, birek-biregiň dürli düşünjelerine, pikir-garaýyşlaryna hormat goýmaga, ynsanperwer häsiýetleri kämilleşdirmäge itergi berýär. Bu sene dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň we ösüşiň diňe bilelikde, agzybirlikde el-ele berip hereket etmek arkaly gazanylýandygyny görkezýär.
Ogulnar GARRYGULOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.