Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI GEÇIRILEN YLMY-AMALY MASLAHAT
        • «YLYM WE BILIM XXI ASYRDA» ATLY HALKARA ONLAÝN YLMY MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • «ÝAŞYL GELJEK ÜÇIN HYZMATDAŞLYK» ATLY EKOLOGIK ÇÄRESI GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Термезский диалог: масштабный взгляд в будущее
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNÜNE BAGYŞLANAN OKUW SEMINARY GEÇIRILDI
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Makalalar / HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ŞAMÇYRAGY
    HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ŞAMÇYRAGY surady
    15/03/2025

    3959

    HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ŞAMÇYRAGY

    Parahatçylyk dörediji aýdyň maksatlary, ynsanperwer syýasaty bilen dünýäde giňden tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, köptaraply başlangyçlary bilen uly üstünlikleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän, parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dost-doganlygyň ähmiýetini, onuň gadyr- gymmatyny giňden açyp görkezýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginde çuňňur many bar. Döwrümiziň şanyna şan goşýan ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzyň, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesiniň belentliginiň alamatydyr. Sebäbi Birleşen Milletler Guramasynyň kabul eden Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň dünýäde bu şygar astynda geçjekdiginiň özi munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi dünýä döwletleriniň ýurdumyza bolan ynamyny, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine gönükdirilen tagallalarynyň hem-de deňhukukly we özara bähbitli oýlanyşykly başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.
    Arkadagly Gahryman Serdarymyz 2023-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde  Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. Ählumumy howpsuzlyk strategiýasy döwletara gatnaşyklaryň bar bolan hakyky ýagdaýlary we dünýä ösüşiniň zerurlyklaryny beýan edýän täzelenen halkara hukuk binýady bolup hyzmat etmek üçin niýetlenendir. Şol sebäpli, Türkmenistan agzalan strategiýany konsepsional esasda işläp düzmek pikirini parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini ykrar etmegiň logiki hem kanunalaýyk baglanyşygy hasaplaýar. Oňa BMG-niň işiniň birnäçe ugurlaryny goşmak teklip edilýär, hususan-da, ykdysadyýet we durnukly ösüş maksatlarynda:
    - Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmek boýunça hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn strategiýasyny işjeňleşdirmegi teklip edýär. Bu maksatlara diňe häzirki zaman dünýä ulgamynyň esasy ösüş hadysalaryna ähli döwletleriň doly görnüşde gatnaşmagy üçin şertleri üpjün etmek, çäk goýmak, birtaraplaýynlyk, syýasatlaşdyrmak we kemsitmek ýaly ýagdaýlar bolmazdan, geljegiň ykdysadyýetine täze çemeleşmeleri döretmek arkaly ýetmek mümkindir. Şeýle hem Türkmenistanyň ädimleri Durnukly ösüş maksatlary babatda bilelikdäki işe hem-de geoykdysadyýetiň durmuşa geçirip boljak we uzak möhletleýin nusgalaryny döretmäge gönükdirilendir. Şunda energetiki geçiş hem-de ulag arabaglanyşygy ýaly iki strategik ileri tutulýan ugruň amala aşyrylmagyna kesgitleýji orun berilýär.
    -Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini hem-de Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmek baradaky tekliplere düşünilmegini we olaryň goldanylmagyny gazanmak zerurdyr. Türkmenistan pes uglerodly energetika geçmek arkaly energetiki geçişi amala aşyrmagyň strategik ugruny saýlap aldy. Bu ýagdaýda agzalan ýoldan gitmek isleýän döwletler üçin deň we birmeňzeş amatly şertleri kepillendirjek, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalara elýeterliligi üpjün etmek üçin zerur şertleri döredip biljek, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini mümkin boldugyndan köp ulanmak üçin öz howa we geografik artykmaçlyklaryny peýdalanmaga mümkinçilik berjek çemeleşmeler hem zerur hasaplanýar. Bu çemeleşme ykdysadyýetde, söwdada, ulagda, senagatda, çig mal öndürmekde, gaýtadan işlemekde we beýleki birnäçe ugurlarda ekologik ölçegleriň gyşarnyksyz ileri tutulmagyny, ilatyň ekologiýa babatda sowatlylygyny, biliminiň, aň-düşünje derejesiniň ýokarlandyrylmagyny hem göz öňünde tutýar.
    Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä ýüzüni parahatçylyga, asuda-abadan durmuşa çagyryşy – asyrlara, nesillere serpaýdyr. Türkmen topragynda, giň dünýäde hemişe parahatçylyk, birek-birege ynam höküm sürsün!

    Gülaýym BAKYÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary
    fakultetiniň I ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    EKOLOGIÝA DIPLOMATIÝASY WE DURNUKLY GELJEK:  5-NJI IÝUN — DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI surady

    05/06/2026

    EKOLOGIÝA DIPLOMATIÝASY WE DURNUKLY GELJEK: 5-NJI IÝUN — DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI
    Sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramy surady

    02/06/2026

    Sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramy
    1-NJI IÝUN – ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI: BAGTYÝAR NESILLERIŇ WE ŞATLYGYŇ BAÝRAMY surady

    01/06/2026

    1-NJI IÝUN – ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI: BAGTYÝAR NESILLERIŇ WE ŞATLYGYŇ BAÝRAMY
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI