
54
HALKARA PARAHATÇYLYGY WE HOWPSUZLYGY PUGTALANDYRMAKDA BITARAPLYK SYÝASATYNYŇ ORNY
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda parahatçylygyň we dostlugyň mekany, parahatçylyk söýüjilik taglymatyny ösdürýän ýurt hökműnde Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýy barha pugtalanýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary hem ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge, durnukly ösüş, ulag, energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.
Soňky ýyllardaky halkara wakalar döwletara gatnaşyklarda düýpli üýtgeşmeleriň bolup geçýändigini, gapma-garşylyklaryň ýitileşýändigini, dünýäniň dürli künjeklerinde oňşuksyzlyklaryň ýüze çykýandygyny görkezýär. Halkara syýasatyň häzirki ýagdaýyna baha bermeli bolsa, döwletara gatnaşyklarda özara ynanyşmagyň ýetmezçilik edýändigini aýtmak bolar. Bu ýetmezçiligi aradan aýyrmak üçin türkmen Bitaraplygynyň paýhas esaslaryny kabul edip, olardan ugur almak gerek. Bu paýhas esaslarynyň gymmaty iň gadymy halklaryň biri bolan türkmeniň geçen taryhy ýoly bilen baglanyşyklydyr. Ata-babalarymyz kuwwatly döwletleri döredip, parahat ýaşaýşy, hoşniýetli goňşuçylygy ýörelge edinip, goňşy we alysdaky halklar bilen ynanyşykly gatnaşyklary ýola goýupdyrlar. Şol başlangyçlardan gözbaş alyp gaýdýan ýol-ýörelgeler, ynanç-ygtykatlar halkymyzyň ýaşaýyş medeniýetiniň esasyny düzýär. Ol ilkibaşda Oguz hanyň döwletlilik ýol-ýörelgelerinde ýüze çykyp, soňra asyrlaryň synagyndan geçip, Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasyndan syzylyp çykýar. Şol täsirli gymmatlyklary täzeden adamzadyň ýaşaýyş ýörelgesine öwürmek, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň döwrümizde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda şu esasda Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip öňe sürlen “Döwlet adam üçindir!”, “Halka daýanyp, halkyň hatyrasyna”, “Ösüş arkaly parahatçylyk”, “Dialog- parahatçylygyň kepili” diýen ýörelgeler Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň many-mazmunyny düzýär.
Häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy durmak boýunça tagallalary birleşdirmek bilen baglylykda, Türkmenistan terrorçylyga garşy göreşmek ulgamynda bilim bermek işini ösdürmegiň, şol sanda degişli maksatnamalary ornaşdyrmagyň, okuw meýilnamalaryny işläp taýýarlamagyň, aň-bilim işlerini kämilleşdirmegiň, medeniýetleriň arasynda dialogy pugtalandyrmagyň zerurdygyny belleýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirligi bilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň binýadynda Merkezi Aziýa üçin Terrorçylyga garşy göreşmek maksatnamasyny döretmek boýunça işleri dowam etdirýär.
Umumadamzat derejesindäki ýagdaýlar bilen baglylykda, türkmen Bitaraplygynyň möhüm orny hem-de onuň mümkinçilikleriniň zerurdygy ýene-de bir gezek tassyklanylýar. Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Bu topar ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň binýadynda döredildi we ol sebit hem-de ählumumy hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmak üçin açyk meýdança öwrüler. Häzirki wagtda Bitaraplygyň dostlarynyň toparyna 20-den gowrak döwlet goşuldy. Şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji, 2015-nji we 2025-nji ýyllarda kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy”, degişlilikde, 2017-nji we 2020-nji ýyllarda kabul edilen “Halkara Bitaraplyk güni” hem-de “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti” atly Kararnamalarynyň awtordaşlary bolan ýurtlar bar.
Halkara gatnaşyklarda durnuklylygy üpjün etmek, parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmak Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynda möhüm ugur bolup durýar. Ýurdumyz bu ugurda yzygiderli çäreleri durmuşa geçirmek bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, umumydünýä wehimlerine netijeli garşy durmak boýunça tagallalary birleşdirmek işinde Bitaraplygyň gurallaryndan we mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanmagy teklip edýär. Şunda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň binýady hökmünde Bitaraplygy seçip almakda türkmen halkynyň baý taryhy tejribesiniň möhüm ähmiýete eýe bolandygyny bellemek gerek. Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, dostluk, açyklyk hemişe halkymyzyň özboluşlylygynyň esasyny düzüpdi.
Halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolup durýar. Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde öz jogapkärçiligine düşünip, hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek ýagdaýyny, ählumumy hem-de sebit derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply esasy we kesgitleýji şert hökmünde özara hormat goýmak dialogyny döretmäge gönükdirilen anyk çäreleri mundan beýläk-de amala aşyrmaga taýýardyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we häzirki wagtda bitaraplyk ýörelgeleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň bu wezipeleri ilerletmekde hem-de ýerine ýetirmekde iň netijeli gurallaryň biridigine berk ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň gün tertibine “Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna” atly aýratyn bendi girizmek başlangyjyny öňe sürdi. Dünýä jemgyýetçiliginiň bitaraplygyň wajypdygyna, BMG-niň parahatçylyk döredijilikli strategiýasynda onuň mümkinçiliklerine we gurallaryna düşünýändiginden ugur alyp, ol möhüm diýlip hasaplanýar. Bu ugry dowam etdirmek bilen, Türkmenistan şu gezekki ýubileý sessiýanyň dowamynda “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini üpjün etmek hem-de pugtalandyrmak işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti” atly Kararnamanyň taslamasyna seretmegi teklip etdi.
Bitaraplyk syýasaty milli gymmatlyklara daýanyp ösýär, şoňa laýyklykda, ol ilkibaşdan beýleki halklar, döwletler bilen gatnaşyklary sazlaşykly gurnamaga gönükdirilendir. Hoşniýetli Bitaraplyk syýasaty arkaly türkmen halkyny, türkmen döwletini dünýä has ýakyndan tanady. Türkmen Bitaraplygynyň ähmiýeti milli çäklerden çykyp, parahat durmuşy, ynanyşmagy, hoşniýetli gatnaşyklary isleýän adamzat üçin nusgalyk ýörelgä öwrüldi.
Aýgözel BAÝRAMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy.