Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Çäreler / Halkara hyzmatdaşlyga bagyşlanan tegelek stol
    Halkara hyzmatdaşlyga bagyşlanan tegelek stol surady
    30/11/-0001

    766

    Halkara hyzmatdaşlyga bagyşlanan tegelek stol

    2022-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasynda Türkmenistanyň köptaraplaýyn gatnaşyklaryna hem-de halkara guramalary bilen alyp barýan hyzmatdaşlygyna bagyşlanan tegelek stol duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilleri gatnaşdylar.
    Duşuşygy institutyň ylmy işler boýunça prorektory B.Mätliýew alyp bardy. Ol öz gezeginde ýurdumyzyň sebit we dünýä ýurtlary hem-de halkara guramalary bilen alyp barýan netijeli hyzmatdaşlygy dogrusynda belläp, ýola goýlan ylym, bilim ugurly hyzmatdaşlygyň has-da ýokary derejelere eýe bolýandygyny nygtady. Şeýle-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly içeri hem-de daşary syýasaty netijesinde, Türkmenistan döwletimiziň ýeten täze sepgitleri, oňyn gatnaşyklary, ylalaşdyryjy, hoşniýetli ýörelgeleri, ýurdumyzyň abraýly halkara guramalarynyň wekilleri bilen geçiren duşuşyklary barada belledi.
    Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili Atageldi Haljanow, Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Maksat Çaryýew, Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sapar Pälwanow, Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, ÝHHG-niň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili Hemra Amannazarow, şeýle-de Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, GDA-nyň tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili Nazarguly Şagulyýew dagy çykyş etdi.
    Olar öz gezeginde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy, ÝUNESKO, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen hyzmatdaşlyklary dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.
    Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri bilen açyklyga we özara bähbitli gatnaşyklara esaslanýan daşary syýasaty alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň dostluk we hoşniýetlilik esasynda alyp barýan daşary syýasatynyň netijesinde Türkmenistan dünýäde mynasyp orun eýeläp, ählumumy abadançylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna ylalaşdyryjylygyň we ynanyşmagyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen merkezine öwrüldi. Ýurdumyz halkara guramalaryň 50-siniň agzasy bolmak bilen, olaryň köptaraply alyp barýan işlerine işjeň gatnaşýar. Olar bilen bilelikde bilimi, medeniýeti, söwda-ykdysady, saglygy goraýşy, daşky gurşawy we beýleki ugurlary ösdürmek ugrundaky maksatnamalary amala aşyrýar.
    Türkmenistan iri halkara guramalar, hususan-da, BMG we düzümleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn ähmiýet berip, deňhukukly we özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeldýär, çuňlaşdyrýar. Milli we umumadamzat bähbitlerini gyşarnyksyz goraýar. Halkara guramalar bilen baglaşylan umumadamzat ähmiýetli ylalalyşyklara wepaly bolmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny üýtgewsiz ýerine ýetirýär.

    Jahantäç ÖWEZOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

    Ýazgy "Altyn asyr: Türkmenistan" teleýaýlymynda 27.12.2022 ýaýlyma berildi.

    Soňky täzelikler

    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ESERINE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK surady

    04/06/2025

    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ESERINE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara surady

    31/05/2025

    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara
    TÜRKMENISTANYŇ HUKUK GORAÝJY EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    28/05/2025

    TÜRKMENISTANYŇ HUKUK GORAÝJY EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI