
30/11/-0001
813
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli akyl-paýhas bäsleşigi geçirildi
2022 – nji ýylyň 17 – nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli akyl-paýhas bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň we Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň talyp ýaşlary we mugallymlary gatnaşdylar.
Bu bäsleşik, esasan, Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyksöýüjilik, özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgelere esaslanýan hemişelik Bitaraplyk syýasaty, onuň taryhy kökleri we halkara gatnaşyklary ulgamynda onuň ähmiýeti baradaky tema bagyşlandy. Bu bäsleşikde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary ýeňiş gazanmagy başardylar.
Hojamyrat BAÝLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.