Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • Ylmy-amaly maslahat geçirildi
        • HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ILÇI BILEN GEÇEN DUŞUŞYK
      • Halkara günler
        • 8-NJI MAÝ - HALKARA GYZYL HAÇ WE GYZYL ÝARYMAÝYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Ясмин Гуэдар в гостях у экспертов Центра стратегических исследований ИМО МИД Туркменистана
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Geçirilen duşuşyklar / GERMANIÝALY WEKILLER BILEN DUŞUŞYK
    GERMANIÝALY WEKILLER BILEN DUŞUŞYK
    GERMANIÝALY WEKILLER BILEN DUŞUŞYK
    GERMANIÝALY WEKILLER BILEN DUŞUŞYK
    GERMANIÝALY WEKILLER BILEN DUŞUŞYK
    GERMANIÝALY WEKILLER BILEN DUŞUŞYK
    GERMANIÝALY WEKILLER BILEN DUŞUŞYK
    28/03/2026

    657

    GERMANIÝALY WEKILLER BILEN DUŞUŞYK

    2026-njy ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Germaniýanyň abraýly ylmy we innowasion edaralarynyň wekilleri bilen resmi duşuşyk geçirildi. Germaniýa tarapyndan bu duşuşyga Merkezi Aziýanyň durnukly innowasiýalar býurosynyň başlygy, professor Piter Libelt, Germaniýadaky «Ýaşyl Türkmenistan üçin ÝB» taslamasynyň utgaşdyryjysy, professor Moris Koza, Halle-Wittenbergdäki Martin Lýuter uniwersitetiniň wekili, professor Muhammed Usman hem-de şol uniwersitetiň ylmy işgäri Matias Fökel gatnaşdylar. Duşuşyga institutyň okuw işleri boýunça prorektory G.Döwletow, Halkara gatnaşyklary fakultetiniň dekany M.Berdinyýazow, Dünýä dilleri kafedrasynyň müdiri M.Atajanowa we kafedranyň nemes dili mugallymy M.Gerwin gatnaşyp, geljekde meýilleşdirilýän hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda germaniýaly wekiliýetiň agzalary institutyň hünärmenleri bilen geljekde ylym-bilim ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändikleri barada gürrüň berdiler. Gepleşikleriň dowamynda durnukly ösüş, innowasion tehnologiýalar we ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky ylmy gatnaşyklary täze derejä çykarmak meselelerine aýratyn üns berildi. Taraplar meýilleşdirilen işleriň geljekde iki ýurduň bähbidine netijeli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdiler.
    Soňra myhmanlar institutda hereket edýän «Parahatçylyk medeniýeti» ÝUNESKO klubynyň işleri bilen tanyşdylar. Şeýle hem, institutyň talyplary bilen duşuşyp, söhbetdeşlik geçirdiler. Duşuşygyň dowamynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan meseleler boýunça sorag-jogap alyşdylar.
    Bu duşuşyk Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, ylym-bilim we ekologiýa diplomatiýasy ulgamlaryny has-da pugtalandyrmakda ähmiýetli ädimleriň biri bolar.

    Dünýägözel BABAHANOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy.

    Soňky täzelikler

    TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK surady

    27/04/2026

    TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK
    TÜRKMENISTANYŇ BELGIÝA PATYŞALYGYNDAKY ILÇIHANASYNDA GEÇIRILEN TÄSIRLI DUŞUŞYK surady

    21/04/2026

    TÜRKMENISTANYŇ BELGIÝA PATYŞALYGYNDAKY ILÇIHANASYNDA GEÇIRILEN TÄSIRLI DUŞUŞYK
    UKRAINANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇIHANASYNYŇ WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI surady

    07/04/2026

    UKRAINANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇIHANASYNYŇ WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI