30/10/2026
38
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hem-de BMG-niň döredilen güni mynasybetli geçirilen makala bäsleşiginiň jemleri jemlendi
2026-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Ýaş alymlar geňeşiniň” we Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň “Ýaş hukukçylar” ylmy gurnagynyň guramagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hem-de BMG-niň döredilen güni mynasybetli Halkara hukugy fakultetiniň talyplarynyň arasynda yglan edilen makala ýazmak bäsleşiginiň jemleri jemlendi.
Makala bäsleşigi ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Bu döredijilik bäsleşigi ýaş nesliň dünýägaraýyşyny giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem BMG bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ähmiýetini ýaşlaryň dili bilen açyp görkezmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Bäsleşige gatnaşan talyplar öz makalalarynda Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, ekologiýa başlangyçlaryny we durnukly ösüş ugurlaryny çuňňur öwrendiler. Bu bolsa ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň öz Watanyna buýsanjyny we global meselelere jogapkärçilikli çemeleşýändigini ýene bir gezek görkezdi.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça tapawutlanan talyplara diplomlar gowşuryldy.
Maral ORAZGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi