
790
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ HEM-DE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI – ÝAŞLARA ÝOL-ÝÖRELGE
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öz halkyna sowgat eden “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynda ýaş neslimize ýüzlenip, “Watan” sözüniň gymmatyny düşündirmek isläp, ony adamzat ömrüniň manysyna deňeýär.
Hawa, Watan – munuň özi ilkinji nobatda biziň ýaşaýan öýümiz, ene-atamyz, çagalarymyzdyr, doganlarymyz, galyberse-de goňşularymyz we tanyşlarymyz bolup, olar bilen agzybir, parahat durmuşda ýaşap, bir howadan dem almagymyzdyr. Watan – bu biziň içki we daşky gözelligimizdir. Şonuň üçin, Arkadagly Gahryman Serdarymyz özüniň bu kitabynyň sözbaşynda “Taryh – nähili ýazylýar?” – diýen sowaly orta atyp, biziň her bir geçen ýolumyzyň, bähbitli işlere bagyşlanan günlerimiziň biziň durmuş taryhymyza ýazylýandygyny ündeýär. Şonuň üçin, her bir ýaş nesle özleriniň durmuş taryhlaryny baý many-mazmunly geçirmeklerini ündeýär, olary Watanyň, öý-ojaklarynyň, ata-eneleriniň daýanjyna deňeýär. Türkmen halkynyň milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz “Hakyda göwheri” atly kitabynda: “Taryh bir sözde ýatdyr. Ýada ýazylan ýazgylardyr. Edebiýat bolsa, duýgudan burk alýan bossandyr. Ondaky gülleriň ysyny almak hem hoşwagtlykdyr” diýip bellemek bilen, gadymy däp-dessurlarymyzyň, türkmençilik ýörelgelerimiziň nesilden-nesle geçip gelmeginde ata-babalarymyzyň aýratyn goşandynyň bardygyny belleýär [2, 174]. Çünki Gahryman Arkadagymyz bu kitapda: “Oguz ýörelgeleri kitaba ýazylmady, gaýtam ýazylmadyk kanun bolup durmuşa ornady. Ol halkyň ruhy gurbatynyň tebigy ýagdaýyna laýyk ýaşady, özgerdi. Şeýdibem, oguz ýörelgeleri asyrlary aşdy” diýip belleýär [2, 189]. Şeýlelikde, biz ýazylmadyk kanun esasynda ýaşlara zähmet terbiýesini bermekde “Il näme diýer?” ýa-da “türkmençilige gelişmeýär?” diýen jümleleri giňden ulanýarys. Her bir ene öz gyzyna tämizligi, arassalygy öwredeninde Magtymguly Pyragymyzyň “Gözel bardyr gözellerden zyýada, anyň hyzmatynda durasyň geler”, “Artmaz-ýuwmaz tabagyny daşyny, anyň hyzmatyndan gaçasyň geler” ýaly goşgy setirlerine salgylansalar, ata-babalarymyz öz ogullaryna pent edenlerinde Jygalybegiň Görogla aýdan ündewleri bilen terbiýeläpdirler. Bulardan başga-da, türkmeniň islendik bir milli gymmatlygyny alanymyzda, türkmen halylarynyň nepisligini, ahal-teke bedewlerimiziň owadanlygyny, alabaý itlerimiziň arassalygyny saklap, nesilden-nesle geçirmekde ata-babalarymyzyň hem-de ene-mamalarymyzyň goşan ägirt uly goşantlarynyň ähmiýetine düşünmek bolýar. Olar öz gündelik durmuşlarynda ýerine ýetiren işlerini öz hakydalarynda daşa ýazylan ýaly edip ýat tutupdyrlar. Ýadyň kömegi bilen hem bu usullar nesilden-nesle geçip, ylmy işleriň, taryhy derňewleriň zerurlygyny ýüze çykardy. Gahryman Arkadagymyz hem “Hakyda göwheri” atly kitabynda bize miras galan şol gymmatlyklary aýawly saklap, ony geljekki nesillere ýetirmekde her bir türkmen nesliniň öňünde uly bir borjuň bardygyny düşündirýär.
“Hakyda göwheri” atly kitabynda “Öz-özünden döreýän hiç bir zat ýok. Täze bir zadyň ýüze çykmagy, täze bir wakanyň peýda bolmagy üçin sebäp gerek, esas gerek” diýmek bilen, ýaşlara gadymy gymmatlyklary içgin öwrenmeklerini, öwrenýän pursatlarynda täze bir taryhy maglumatlaryň açylýandygyny düşündirýär.
Ýurdumyzda, häzirki tehnologiýalaryň ösen döwründe sanly ulgamyň üsti bilen alnyp barylýan ylmy-derňewleriň dowamynda taryhy maglumatlary öwrenmek üçin döredilýän mümkinçilikler we şertler ýaş nesli täze açyşlary ýüze çykarmaga itergi berýär.
Yslam ŞÜKÜROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.