Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Çäreler / Fransuz dili boýunça ders bäsleşiginde üstünlik gazanan mekdep okuwçylaryny sylaglamak dabarasy
    Fransuz dili boýunça ders bäsleşiginde üstünlik gazanan mekdep okuwçylaryny sylaglamak dabarasy surady
    30/11/-0001

    1051

    Fransuz dili boýunça ders bäsleşiginde üstünlik gazanan mekdep okuwçylaryny sylaglamak dabarasy

    2021-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binasynda Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Fransuz dili okuw merkezi tarapyndan Aşgabat şäheriniň fransuz dili okadylýan orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda fransuz dili boýunça 2021-nji ýylyň 12-21-nji apreli aralygynda wideo aragatnaşyk arkaly Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilen ders bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etmek we sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu dabara Türkmenistanyň Bilim we Daşary işler ministrlikleriniň wekilleri, Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Izabel Ginel, Ilçihananyň medeniýet işleri boýunça attaşesi, Fransuz dili okuw merkeziniň direktory jenap Roman Guwerne, merkeziň wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw işleri boýunça prorektory Gülşat Ýusupowa, mekdep okuwçylary we Aşgabat şäheriniň orta mekdepleriniň fransuz dili mugallymlary gatnaşdylar.

    Dabarany Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň geňeşçisi Nurberdi Amanmyradow açyp berdi we ders bäsleşiginde üstünlik gazanan mekdep okuwçylaryny gutlap, olara ýeneki üstünlikleri arzuw etdi, geljekde şular ýaly bäsleşikler Türkmenistanyň welaýatlarynda hem geçirilse oňat boljakdygyny belledi. Dabarada Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Izabel Ginel çykyş edip, bu ders bäsleşigine Aşgabat şäheriniň orta mekdeplerinden 300-e golaý okuwçynyň gatnaşandygyny, ders bäsleşiginiň temasynyň Fransiýanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan fransuz diliniň we Frankofoniýanyň bütindünýä 26-njy hepdesi üçin hödürlenendigini we ekologiýa temasy boýunça diktant ýazdyrylandygyny, ylham we döredijilik barada test synagynyň geçirilendigini we onlaýn görnüşde Fransuz dili okuw merkezi tarapyndan syýahat we gezelenç temasy boýunça söhbetdeşligiň guralandygyny nygtady.

    3 dereje (4-5-nji synp okuwçylary; 7-8-nji synp okuwçylary; 9-njy synp okuwçylary) boýunça I, II we III orny eýelän ýeňijiler yglan edildi, olar bäsleşigiň hemaýatkärleri bolan VINCI Construction we Bouygues Turkmen kompaniýalary tarapyndan iPad planşetleri we noutbuklary, şeýle-de Kanadanyň Ankaradaky ilçihanasy, «Tissot» şweýsar sagat firmasy, «la Boutique de Paris» dükany, «La Tartine» fransuz çörek bişirilýän kärhanasy we «Dessange» gözellik salony tarapyndan sowgatlar we Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Fransiýanyň Ilçihanasy tarapyndan gol çekilen diplomlar bilen sylaglanyldy. Fransuz dili boýunça Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilen ders bäsleşigine gatnaşan okuwçylaryň hersine Fransiýanyň Ilçihanasy tarapyndan “Merkezi Aziýadaky fransuz dili” ýazgyly sport köýnekçesi sowgat berildi. Ähli tapawutlananlara torba we bulgur gowşuryldy. Fransiýanyň Ilçisi üstünlik gazanan türkmen okuwçylaryny mübärekläp, olary okadýan mekdep mugallymlaryna öz minnetdarlygyny bildirdi.

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw işleri boýunça prorektory Gülşat Ýusupowa öz çykyşynda Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýaşlaryň daşary ýurt dilleriniň birnäçesini, hususan-da fransuz dilini öwrenýändiklerine we şeýle oňyn netije görkezýändiklerine begenýändigini we gutlaglaryny beýan etdi.

    Dabara gutarandan soňra, Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi we wekiliýet Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndaky Türkmen diplomatiýasynyň taryhy muzeýi, şeýle-de institutyň gurluşy we alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.


    Ogulbeg GAZAKOWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Dünýä dilleri kafedrasynyň fransuz dili mugallymy

    Soňky täzelikler

    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ESERINE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK surady

    04/06/2025

    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ESERINE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara surady

    31/05/2025

    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara
    TÜRKMENISTANYŇ HUKUK GORAÝJY EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    28/05/2025

    TÜRKMENISTANYŇ HUKUK GORAÝJY EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI