30/05/2026
168
FILOSOFIÝA – DÜNÝÄ AKYL ÝETIRMEGIŇ ÇEŞMESI
2026-njy ýylyň 9-njy aprelinde Türkmen oba hojalyk institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Filosofiýa” dersi boýunça II internet ders bäsleşigi geçirildi.
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişliginde sazlaşykly ösýän döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza, Türkmenistanyň Prezidentine, mähriban halkymyza wepaly, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýiti zehinli, ukyp-başarnykly ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, dürli ugurlar boýunça bäsleşikler yzygiderli geçirilýär.
Al-Horezmi, Al-Faraby, Ibn Sina, Magtymguly Pyragy ýaly akyldarlaryň filosofiki garaýyşlary esasynda filosofiýanyň ylym hökmünde dünýägaraýşy giň watançy ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde ähmiýeti uludyr. Filosofiýa ylmy bilen meşgullanmaga bolan höwesi, gyzyklanmany institutyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň professor-mugallymlary döredýärler. Şu okuw ýylynyň dowamynda “Filosofiýa”, “Häzirki zaman türkmen jemgyýeti” okuw dersleri boýunça geçirilen ders bäsleşiklerinden onlarça talyplar ýeňiji boldular we diplomlar bilen sylaglandylar.
“Filosofiýa” dersi boýunça II internet ders bäsleşiginiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Sahydöwlet Hümmetjumaýew II we şol fakultetiň 3-nji ýyl talyby Taňryguly Geldimämmedow III orna mynasyp bolup, diplom bilen sylaglandylar.
Hojamyrat BAÝLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby
Soňky täzelikler
02/05/2026
TALYBYMYZYŇ NOBATDAKY ÜSTÜNLIGI