44
Durnukly ösüş maksatlary (DÖM 6, 14) boýunça geçirilen okuw sapagy.
2025-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezinde “Suw-adamzadyň ýaşaýşyny üpjün edýän möhüm serişde, durnukly ösüşiň global çeşmesi. Türkmenistanyň halkara başlangyçlary we tejribesi” atly okuw sapagy geçirildi. Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň Hukuk işgärler we ýörite işler müdirliginiň başlygynyň orunbasary Gülşirin Çarygulyýewanyň alyp barmagynda geçirilen okuw sapagynda suwuň dünýä derejesindäki ähmiýeti, onuň adamzadyň ýaşaýyş-durmuşynda we ykdysadyýetdäki orny barada bellenildi. Şeýle hem Durnukly ösüş maksatlarynyň arasynda aýratyn orun eýeleýändigi dogrusynda giňişleýin maglumat berildi. Suw serişdeleriniň rejeli we netijeli peýdalanylmagynyň diňe bir tebigaty goramak bilen çäklenmän, eýsem ilatyň saglygyny, azyk howpsuzlygyny we ykdysady ösüşi üpjün etmekde aýratyn ähmiýete eýedigi nygtaldy.
Okuw sapagynda Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlykda öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlary barada gürrüň berildi. Şeýle-de, ýurdumyzyň Aral deňziniň guramagy bilen baglanyşykly ekologiýa we ykdysady meseleleriň çözgüdine goşýan goşandy aýratyn bellenildi.
Okuw sapagynyň dowamynda talyplar bilen pikir alşyp, suwuň durnukly peýdalanylmagy we halkara hyzmatdaşlyk boýunça sowallaryna giňişleýin jogap berildi. Şeýle okuw sapaklary talyp ýaşlaryň Durnukly ösüş maksatlaryna bolan düşünjesini giňeltmäge, olary ekologiýa taýdan jogäpkärli we halkara ösüş meselelerine düşünýän şahsyýetler hökmünde kemala getirmäge gönükdirilendir.
Sare ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.