14/07/2025
40
«DIPLOMATIK PROTOKOL» ATLY ÝÖRITELEŞDIRILEN OKUW MERKEZINIŇ NOBATDAKY TAPGYRY ÜSTÜNLIKLI TAMAMLANDY
2025-nji ýylyň 11-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň nobatdaky tapgyryny üstünlikli tamamlan hünärmenlere ýörite şahadatnamalary gowşurmak dabarasy geçirildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryna diplomatik taýdan gatnaşmagynyň giňeldilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hünärmenleriniň taýýarlanylmagy boýunça kabul edilen wajyp çözgütleriň oňyn netijeleri berýändiginiň nobatdaky aýdyň beýanydyr.
«Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň okuwyny üstünlikli tamamlan hünärmenlere ýörite şahadatnamalary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Olar ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işini kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berilýändigi üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de geljekde-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmekde ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Ýeri gelende bellesek, bu ýöriteleşdirilen okuw merkezi 2024-nji ýylyň 18-nji fewralynda — Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününde dabaraly ýagdaýda açyldy. «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkezine gatnaşyjylar daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, milli diplomatik gullugyň wekilleriniň, halypa diplomatlarymyzyň ylmy hem-de köpýyllyk tejribä esaslanýan sapaklaryny geçdiler.
Guwanç ALIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.