
30/11/-0001
1187
“Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary” atly okuw-usuly maslahat
2023-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň gurnamagynda Aşgabat şäheriniň 76, 72, 68-nji orta mekdepleriniň iňlis we rus dili mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda “Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary” atly okuw-usuly maslahat geçirildi. Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek maksady bilen daşary ýurt dilleriniň okadylyş aýratynlyklary barada geçirilen maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymlary O.Hemzaýew “Okatmagyň tehniki serişdeleri arkaly iňlis dilini öwretmegiň usullary”, N.Zülpiýew “Daşary ýurt dillerini okatmagyň interaktiw usullary”, T.Babaýewa “Rus dili sapaklarynda infografikanyň orny” hem-de “Päk Nesil” okuw merkeziniň okuw bölüminiň müdiri A.Baýramowa “Daşary ýurt dilleri we olaryň zähmet bazaryndaky orny” atly temalar boýunça çykyş etdiler.
Maslahata gatnaşyjylar daşary ýurt dillerini okatmagyň täze usullary we öňdebaryjy tejribeleri barada giňişleýin pikir alyşdylar. Maslahat örän gyzykly we täsirli geçdi. Daşary ýurt dillerini dürli ýaşdakylara öwretmegiň tärleri giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Dil sapaklarynda dürli oýunlaryň, sahnalaryň, ara alyp maslahatlaşmalaryň, çekişmeleriň guralyşy, aýdymlaryň, goşgularyň, wideofilmleriň, kompýuterleriň, internet ulgamynyň, görkezme esbaplaryň we tehniki serişdeleriň ulanylyşy barada mugallymlar tejribe alyşdylar.
Okuw-usuly maslahatyň dowamynda ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça öňde durýan wajyp wezipeleri amala aşyrmakda bu ugurda toplanan milli hem-de dünýä tejribelerine daýanmaklygyň möhümdigi bellenilip geçildi. Ýaş nesilleriň daşary ýurt dillerini öwrenmegi üçin döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýurdumyzda dünýä dillerini öwretmegiň gerimini has-da giňeldip boljakdagy hakynda hem nygtaldy.
Häzirki wagtda daşary ýurt dillerini bilmezden, kämil derejeli hünärmen bolup ýetişmek mümkin däl. Şol sebäpli Türkmenistanda daşary ýurt dillerini öwretmeklige aýratyn üns berilýär. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap, daşary ýurt dillerini okatmak, özbaşdak bilim almak, olaryň orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerindäki, zähmet bazarlaryndaky hünär ähmiýeti ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Bu bolsa dürli dilleri öwrenmäge bolan gyzyklanmanyň artmagyna getirdi.
Maýa ORAZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy.