03/06/2026
61
BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI ÝÖRIŞ GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurdumyzyň çar künjeginde dürli mazmunly baýramçylyk dabaralary we köpçülikleýin welosipedli ýörişler giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle dabaralaryň biri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirildi. Oňa institutyň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda welosiped sporty ekologiýa abadançylygyny we ynsan saglygyny berkitmäge ýardam berýän sportuň meşhur görnüşleriniň biridir. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen dabaralaryň dowamynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda welosipedli ýörişler guraldy. Aýdym-sazly çykyşlar bolsa, sport baýramçylygyna özboluşly joşgun bagyşlap, ol şanly ýylymyzyň sport we sagdynlyk ulgamyndaky ajaýyp üstünlikleriniň beýanyna öwrüldi. Munuň özi ýurdumyzda welosiped sportuny ösdürmek, sport diplomatiýasyny ilerletmek, ýaş nesilleri köpçülikleýin bedenterbiýe hereketlerine höweslendirmek babatdaky asylly ýörelgeleriň täze taryhy döwrümizde mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüldi.
Ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgesine, sporty söýmäge we döwletimiziň parahatçylyk söýüji daşary syýasatyna bolan buýsanjyny artdyrmakda şeýle dabaralar möhüm ähmiýete eýedir. Oňa gatnaşyjylar sport diplomatiýasyny ilerledýän Gahryman Arkadagymyza hem-de döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Mirapguly ATANYÝAZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň
mugallym öwrenijisi
Soňky täzelikler
09/05/2026
HOŞALLYK MASLAHATY GEÇIRILDI