09/02/2026
15
«ALYM ZENANLARYŇ HÄZIRKI ZAMAN YLMYNDAKY ORNY» ATLY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylyk medeniýeti» ÝUNESKO klubynyň guramagynda 11-nji fewral — «Ylymda aýal-gyzlaryň Halkara güni» mynasybetli söhbetdeşlik geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyndan Täzegül Hapyzowa, Gülälek Hangeldiýewa, «Watan» gazetiniň bölüm redaktory Ogultäç Oraztaganowa hem-de institutyň talyplary gatnaşdylar.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge, ýaşlaryň, aýratyn hem aýal-gyzlaryň ylym dünýäsindäki ornuny berkitmäge aýratyn üns berilýändigi barada nygtadylar. Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 11-nji fewralynda dünýä jemgyýetçiligi Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2015-nji ýylda esaslandyrylan aýal-gyzlaryň ylymdaky ornunyň halkara gününi giňden belleýär.
Häzirki wagtda innowasiýalar we täze tehnologiýalar global ykdysadyýetiň özenini düzýär. Şol sebäpli hem ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika (STEM) pudaklarynda aýal-gyzlaryň sanynyň köp bolmagy diňe bir deňhukuklylyk meselesi bolman, eýsem geljekki ekologiýa we saglygy goraýyş meselelerini çözmek üçin zerur şertdir. 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda BMG tarapyndan resmi taýdan yglan edilen bu sene, dünýäde alymlaryň diňe 33 göterimine golaýynyň zenanlardan ybaratdygy baradaky ÝUNESKO-nyň maglumatlaryna esaslanýar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkara ylmy jemgyýetçilikde türkmen zenanlarynyň tutýan ornunyň ýyl-ýyldan berkidilýändigini buýsanç bilen bellediler. Çärä gatnaşyjylar ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge, aýal-gyzlaryň jemgyýetdäki ornuny ýokarlandyrmaga döredip berýän ähli şertleri we uly mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny bildirdiler.
Mähri DURDYNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.