1320
20-nji noýabr – Bütindünýä çaga güni
Bagtyýar durmuşda ýaşaýan çagalaryň şatlykly gülküleri ýurdumyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň häzirki we ertirki gününe bolan ynamyň iň ajaýyp güwäsidir. Bu çagalyk owazy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has belentden ýaňlanýar. Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasat, şeýle hem ýörite maksatnamalar çagalaryň doly derejeli dynç almaklaryna, okamaklaryna, döretmeklerine, olaryň bilimli, ylymly, beden taýdan sagdyn, Watana wepaly şahsyýetler bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz saglyk, bilim we ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, çaganyň hukuklaryny goramak, gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklarynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berýär.
Türkmenistan döwletimiz halkara bileleşigi bilen bir hatarda çagalaryň hukuklary we olaryň goraglylygy bilen bagly halkara hukuk resminamalary kabul etmek we olary ýerine ýetirmek işlerden başga-da halkara derejesinde bellenilip geçilýän ähli baýramçylyklary hem giň gerimde dabaraly ýagdaýda belläp geçýär. Ynha, şular ýaly baýramçylyklaryň biri hem her ýylyň 20-nji noýabrynda bellenilip geçilýän Bütindünýä çaga günüdir.
1954-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Bütindünýä çaga gününi bellemeklik barada ýörite Rezolýusiýa kabul etdi. Bu günüň bellenmeginiň esasy maksady Birleşen Millerler Guramasy tarapyndan dünýädäki çagalar barada edilýän tagallalaryň, alnyp barylýan işleriň berkemegine gönükdirilendir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň Rezolýusiýasynda Bütindünýä çaga gününi ählumumy baýramçylyk hökmünde bellenmegi milletleriň arasynda raýdaşlygyň we hyzmatdaşlygyň has-da berkemegine getirer diýip belleýär.
Bütindünýä çaga gününde çagalaryň hukuklary bilen baglanyşykly birnäçe halkara resminamalary hem kabul edildi. Olardan 1959-njy ýylyň 20-nji noýabrynda kabul edilen “Çaganyň hukuklary hakyndaky Ykrarnamany” hem-de 1989-njy ýylyň 20-nji noýabrynda kabul edilen “Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýany” görkezmek bolar. Çagalaryň hukuklaryny berjaý etmek milli kanunçylygyň möhüm ähmiýetli jähedi bolup durýar. Türkmenistan şu ugra degişli esasy halkara-hukuk resminamalaryna, şol sanda Çagalaryň ýaşaýşyny, goragyny we ösüşini üpjün etmek boýunça ählumumy jarnama, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalaryň hukuklary hakyndaky konwensiýasyna, Çagalaryň halkara derejesinde ogurlanmagynyň raýat-hukuk jähetleri hakyndaky Gaaga konwensiýasyna goşuldy.
BMG-niň Çagalaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýasynyň çagalara döwlet tarapyndan bilimi boýunça hyzmatlaryň edilmegi baradaky kadasy Türkmenistanyň her bir raýaty üçin bilim boýunça hödürlenýän hyzmatlaryň ähli görnüşleriniň elýeterli edilmegi, umumy bilimiň hökmanylygy we döwlete degişli bilim edaralarynda bilimiň muzdsuz berilmegi boýunça esasy konstitusion hukuk arkaly öz beýanyny tapýar. Şol hukuk “Bilim hakyndaky” Türkmenistanyň Kanuny arkaly amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary we uly tagallalary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda çagalygy goramak, çagalaryň we ýaşlaryň saglygyny saklamak hem-de hemmetaraplaýyn ösmegini gazanmak, olary özbaşdak durmuşa we zähmete taýýarlamak bilen bir hatarda ýurduň durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin maddy we durmuş ýeňillikleriniň, artykmaçlyklarynyň we ileri tutulmalarynyň köptaraplaýyn ulgamy we ygtybarly hukuk hem-de durmuş kepillikleri döredildi.
Merjen GURBANNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy.
Soňky täzelikler
03/12/2025
MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLARYŇ HALKARA GÜNI
21/11/2025
Bütindünýä telewideniýe güni
20/11/2025
BÜTINDÜNÝÄ FILOSOFIÝA GÜNI