12/02/2026
59
13-nji fewral — Bütindünýä radio güni
Habar beriş serişdeleriniň giň ýaýran görnüşleriniň biri-de radiodyr. Radio — jadyly dünýä. Ähli döwürde döwlet syýasatynyň wagyzçysyna öwrülen radio özüniň işe başlan wagtyndan bäri her bir adamyň durmuşyna, ýaşaýşyna ornaşdy. Şoňa görä-de, her ýylyň 13-nji fewralynda Bütindünýä radio gününiň bellenilip geçilmegi möhüm ähmiýete eýedir.
Bütindünýä radio gününi bellemek barada 2011-nji ýylyň 11-nji noýabrynda ÝUNESKO-nyň 36-njy maslahatynda karar kabul edilýär. Soňra 2012-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň tassyklamagy esasynda Bütindünýä radio gününiň halkara senesi her ýylyň 13-nji fewraly diýlip yglan edildi Bu sene 1946-njy ýylyň 13-nji fewralynda BMG-niň Radiosynyň döredilen güni bilen baglanyşyklydyr.
Mälim bolşy ýaly, 1950-nji ýylyň 12-nji fewralynda Ýewropada radiogepleşikler birleşmesi döredilýär. Onuň baş edarasy Ženewada ýerleşip, diňe Ýewropada däl-de, eýsem, Aziýada, Afrikada, Latyn Amerikasynda hem agzalary bolupdyr. Türkmen radiosy bolsa öz gözbaşyny 1926-njy ýylda döredilen «Radiosöýüjiler» jemgyýetinden alyp gaýdýar. 1927-nji ýylyň 7-nji noýabrynda «Türkmenradio» jemgyýeti döredilip, ilkinji radiogepleşikler ýaýlyma berlip başlanýar.
Şeýlelikde, güýçli depginde ösüp başlan türkmen radiosy halk hojalygynda gazanylýan üstünlikleri, jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm wakalary, 1941 ― 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda uruş döwrüniň habarlaryny ýetirmekde uly işleri bitirýär. Uruşda gazanylan Beýik Ýeňiş baradaky şatlykly habar radioda diktor Arap Gurbanowyň okamagynda türkmen halkyna ýetirilipdir.
Garaşsyzlyk döwrümizde türkmen radiosy täze hil derejesine ýetdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda «Watan», «Çar tarapdan», «Miras», «Owaz» radioýaýlymlary bar. Her bir radioýaýlymyň öz ugry boýunça ýörite bölümleri bolup, her bölümiň öz ugry boýunça-da birnäçe gepleşikler meýilnama esasynda taýýarlanylýar. Ýurdumyzda yzygiderli eşitdirilýän radiogepleşikler öz diňleýjilerini diňe bir habarlar bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, birnäçe gyzykly, terbiýeçilik ähmiýetine eýe bolan medeni-dynç alyş sahypalary bilen hem ruhy lezzet berýär.
Şamaral GARAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.
Soňky täzelikler
03/01/2026
BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI
20/12/2025
Halkara raýdaşlyk güni