Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Announcements / «ÝOKARY TEHNOLOGIÝALAR WE INNOWASION IŞLÄP TAÝÝARLAMALAR» ATLY HALKARA BÄSLEŞIGI
    «ÝOKARY TEHNOLOGIÝALAR WE INNOWASION IŞLÄP TAÝÝARLAMALAR» ATLY HALKARA BÄSLEŞIGI surady
    06/03/2023

    1621

    «ÝOKARY TEHNOLOGIÝALAR WE INNOWASION IŞLÄP TAÝÝARLAMALAR» ATLY HALKARA BÄSLEŞIGI

    «ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR ÝYLY» MYNASYBETLI ÝAŞLARYŇ ARASYNDA GEÇIRILÝÄN YLMY IŞLER BOÝUNÇA «ÝOKARY TEHNOLOGIÝALAR WE INNOWASION IŞLÄP TAÝÝARLAMALAR» ATLY HALKARA BÄSLEŞIGINIŇ DÜZGÜNNAMASY


    Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine, halkymyzyň aň-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ylmyň, tehnikanyň we önümçiligiň bitewiliginiň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň ykdysady we durmuş ösüşi babatda dünýäniň ösen döwletlerine mahsus bolan sepgitlere çykmagyna gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar we meýilnamalar düýpli ylmy esaslara daýanýar. Nebit-gaz, oba hojalyk, gurluşyk, energetika, dokma, ykdysadyýet, maliýe, bank toplumlaryna, söwda, ulag, aragatnaşyk, himiýa, medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlaryna ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlary ornaşdyrylýar.

    Türkmenistanyň Prezidentiniň giň gerimli özgertmeleriniň esasy strategik güýji hökmünde zehinli ýaşlaryň ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen taslamalarydyr maksatnamalaryny hem-de döredijilikli başlangyçlaryny amala aşyrmaklaryna goldaw bermek we höweslendirmek, ylym we bilim babatda halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmek barada beren möhüm tabşyryklaryndan, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda»,  şeýle hem «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alyp, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» mynasybetli ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça «Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly halkara bäsleşigini geçirmek meýilleşdirilýär.

    Türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlyk Strategiýasynyň baş maksadyna laýyklykda ýurdumyzyň ýaşlarynyň daşary ýurtly egindeşleri bilen gatnaşyklaryny ösdürmek arkaly, halkara medeni, ykdysady, ylym-bilim babatda hereketlere has işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Bu ugurda täze, innowasion çemeleşmeleriň zerurdygy bellenilýär. Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda halkara derejede ýaş alymlaryň täze ylmy we inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasiýa we maglumat-tehnologiki işläp taýýarlamalarynyň giňden ornaşdyrylmagyny üpjün etmek, ylymda halypa-şägirtlik ýörelgelerini rowaçlandyrmak, innowasiýa tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda ýokary netijeleri gazanmak maksady bilen ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça halkara bäsleşigi yglan edilýär.

     

    I bap. Umumy düzgünler

     

    1. «Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly

    halkara bäsleşiginiň (mundan beýläk – halkara bäsleşigi) Guramaçylary bolup Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi çykyş edýärler.

    2. Halkara bäsleşigine resminama kabul edilen gününe çenli ýaşy 35-e çenli bolan şu aşakdaky ýaşlaryň özbaşdak ýerine ýetiren ylmy-barlag işleri kabul edilýär:

    1) başlangyç we orta hünär bilimi edaralarynyň talyplarynyň;

    2) bakalawr, magistr we hünärmen maksatnamalary boýunça bilim

    alýan ýokary hünär bilimi edaralarynyň talyplarynyň;

    3) ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi maksatnamasy

    boýunça okaýan aspirantlaryň (şol sanda, alymlyk derejesine dalaşgärleriň), intern lukmanlaryň we kliniki ordinatorlaryň;

    4) ylym bilen meşgullanýan ýaşlaryň.

    3. Halkara bäsleşigine gatnaşmak «Ýokary tehnologiýalar we

    innowasion işläp taýýarlamalar» atly halkara bäsleşiginiň Düzgünnamasy (mundan beýläk – Düzgünnama) bilen tanyşmaklygy we onuň düzgünleri bilen razylaşmaklygy göz öňünde tutýar.

    4. Halkara bäsleşiginde şu Düzgünnamanyň dokuzynjy böleginde göz öňünde tutulan ugurlara laýyklykda taýýarlanan özbaşdak, tamamlanan ylmy-barlag işleri halkara bäsleşigine kabul edilýär.

    5. Halkara bäsleşigine tabşyrylan işleri bahalandyrmak we jemini jemlemek daşary ýurt döwletleriniň hem-de Türkmenistanyň alymlaryndan düzülen Eminler topary tarapyndan amala aşyrylýar. Eminler toparynyň düzümi Guramaçylar tarapyndan tassyklanylýar.

    6. Halkara bäsleşigi 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan 2023-nji ýylyň 10-njy oktýabry aralygynda şu Düzgünnamanyň dokuzynjy böleginde görkezilen ugurlara laýyklykda 2 (iki) tapgyrda geçirilýär.

    7. Birinji tapgyrda ylmy-barlag işleri seljerilýär hem-de wajyplygyna görä saýlananlar indiki tapgyra geçirilýär.

    8. Halkara bäsleşiginiň ikinji tapgyrynda halkara bäsleşigine gatnaşyjylar (mundan beýläk – gatnaşyjy) işiň mazmunyny doly açyp görkezmek üçin onlaýn görnüşinde diňlenilýär.


    II bap. Ylmy-barlag işleri halkara bäsleşigine hödürlemegiň we resmileşdirmegiň tertibi

     

    9. Halkara bäsleşigine hödürlenilýän ylmy-barlag işleri ylmyň aşakdaky ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda kabul edilýär:

    1) nanotehnologiýalar;

    2) himiki tehnologiýalar;

    3) täze materiallary öwrenmek;

    4) energetika;

    5) biotehnologiýa;

    6) molekulýar biologiýa;

    7) oba hojalygy;

    8) ekologiýa;

    9) genetika.

    10. Halkara bäsleşigine hödürlenýän ylmy-barlag işleri 2023-nji

    ýylyň 1-nji martyndan 1-nji maýyna çenli aralykda kabul edilýär.

    11. Talap edilýän düzgüne laýyklykda bellenen senä çenli

    guramaçylyk toparyna tabşyrylan işleriň eýelerine halkara bäsleşigine gatnaşmaga hukuk berilýär.


    III bap. Gatnaşyjylara we olaryň işlerine bildirilýän talaplar we şertler

     

    12. Gatnaşyjylar şu Düzgünnama 1-nji goşunda laýyklykda hasaba alynýar.

    13. Hödürlenilýän ylmy-barlag işleriniň ýazgysy şu Düzgünnama 2-nji goşunda laýyklykda taýýarlanylyp, Guramaçylaryň scientificwork.tm@gmail.com elektron salgysyna iberilýär.

    14. Gatnaşyjylar ylmy-barlag işi bilen bilelikde şu aşakdakylary Guramaçylaryň garamagyna ibermelidirler:

    1) işiň netijeleriniň bahalandyrylyşy boýunça maglumatlaryň (ylmy makalalar, oýlap tapyşlary, senagat nusgalary, patentler, diplomlar we beýlekileri) nusgalaryny;

    2) ylmy-barlag işine alymlar tarapyndan berlen azyndan 3 (üç) sany oňyn syny.

    15. Halkara bäsleşiginiň ikinji tapgyryna geçen gatnaşyjylar on-line görnüşinde çykyş etmek üçin çykyşyň ýazgysyny we Power Point programmasynda tanyşdyrylyşy (prezentasiýa) taýýarlaýarlar.

    Çykyş taýýarlananda şu aşakdakylar göz öňünde tutulmalydyr:

    1) temanyň wajyplygy;

    2) temany açyp görkezmek;

    3) derwaýys we analitiki maglumatlary görkezmek;

    4) çykyşyň reglamentini saklamak (5-10 minut).

    Power Point programmasynda tanyşdyrylyş (prezentasiýa)

    taýýarlananda şu aşakdakylar göz öňünde tutulmalydyr:

    1) tanyşdyrylyşyň (prezentasiýanyň) jemi sahypa sany 10 slaýddan

    az bolmaly däldir;

    2) şu Düzgünnama 3-nji goşunda laýyklykda türkmen, rus we iňlis

    dillerinde ylmy-barlag işi we onuň awtory baradaky maglumatlary özünde jemleýän baş sahypa bolmaly;

    3) tezis görnüşinde teoretiki maglumatlar bolmaly;

    4) diagrammalar we grafikler görnüşinde getirilýän analitiki

    maglumatlar bolmaly;

    5) tanyşdyrylyşa (prezentasiýa) audiowizual bezeg we gysgaça

    wideorolik goşmak rugsat edilýär.

    16. Ylmy-barlag işleri bahalandyrylanda aşakdakylar göz öňünde

    tutulýar:

    1) ýerine ýetirilen nazary barlaglaryň çuňlugy;

    2) alnan eksperimental netijeleriň göwrümi;

    3) işiň ylmy we amaly ähmiýeti;

    4) alnan netijeleriň esaslandyrylyşy;

    5) gatnaşyjynyň özbaşdak işiniň göwrümi;

    6) saýlanan tema boýunça gatnaşyjynyň häzirki zaman ylmy-

    barlaglaryň netijeleri bilen tanyşlyk derejesi;

    7) gatnaşyjynyň ylmy-barlag işini taýýarlap, beýan edişi.

    17. Halkara bäsleşigine hödürlenilýän ylmy-barlag işiniň 1 (bir) awtory bolmalydyr.


    IV bap. Guramaçylyk-hukuk soraglary


    18. Halkara bäsleşigi baradaky ähli maglumatlar Guramaçylaryň

    adyndan ugradylýar.

    19. Halkara bäsleşigine gatnaşmak bilen gatnaşyjy özüniň

    maglumatlarynyň Guramaçylaryň resmi web-saýtynda çap edilmegine razylyk berdi diýip hasaplanylýar.

    20. Gatnaşyjylaryň atlary, familiýalary Guramaçylar tarapyndan köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, Internet saýtynda mahabat maksatly galam haky tölenmezden ulanylyp bilner.

    21. Halkara bäsleşigine öz işini ugratmak bilen gatnaşyjy öz maglumatlaryny ýygnamaga, saklamaga, ulanmaga, gaýtadan işlemäge, ibermäge Guramaçylara hukuk berýär.

    22. Gatnaşyjylar halkara bäsleşigine iberen ylmy-barlag işine öz hukugynyň bardygyny doly kepillendirýärler.

    23. Halkara bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasynyň senesi Guramaçylar tarapyndan kesgitlenilýär.

    24. Halkara bäsleşigine bolan awtor hukuklary Guramaçylara degişlidir.

    25. Halkara bäsleşigine gatnaşmak awtor hukuklaryny bermekligi aňlatmaýar, işe bolan awtor hukuklary gatnaşyjyda galýar.

    26. Halkara bäsleşiginiň maliýeleşdirilmegi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

     

    V bap. Halkara bäsleşiginiň netijelerini jemlemegiň tertibi

     

    27. 2023-nji ýylyň oktýabr aýynyň birinji on günlüginde halkara

    bäsleşiginiň netijeleri jemlenilýär we Guramaçylaryň resmi web-saýtynda ýerleşdirilýär.

    28. Halkara bäsleşiginiň netijeleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär.

    29. Halkara bäsleşiginiň ýeňijileri Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň serişdeleriniň hasabyna gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar bilen sylaglanylýar.


    «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar

    ýyly» mynasybetli ýaşlaryň arasynda

    geçirilýän ylmy işler boýunça

    «Ýokary tehnologiýalar we

    innowasion işläp taýýarlamalar» atly

    halkara bäsleşiginiň

    Düzgünnamasyna 1-nji goşundy


    Gatnaşyjylary hasaba alyş ANKETASY


    Gatnaşyjynyň ady, familiýasy


    Gatnaşyjynyň doglan senesi

    (gün, aý, ýyl):


    Gatnaşyjynyň ýaşaýan salgysy (indeks bilen)


    Gatnaşyjynyň e-mail salgysy


    Ylmy-barlag işiniň ady


    Ylmy-barlag işiniň ugry


    Gatnaşyjynyň okaýan bilim edarasynyň (iş ýeriniň) doly ady


    Gatnaşyjynyň okaýan bilim edarasynyň salgysy (indeks bilen)


    Ylmy ýolbaşçynyň ady, familiýasy


    Ylmy ýolbaşçynyň e-mail salgysy


    Ylmy ýolbaşçynyň işleýän bilim edarasynyň (iş ýeriniň) e-mail

    salgysy




    «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar

    ýyly» mynasybetli ýaşlaryň arasynda

    geçirilýän ylmy işler boýunça

    «Ýokary tehnologiýalar we

    innowasion işläp taýýarlamalar»

    atly halkara bäsleşiginiň

    Düzgünnamasyna 2-nji goşundy


    Ylmy-barlag işiniň ýazylyşyna bildirilýän

    TALAPLAR


    Halkara bäsleşigine hödürlenilýän ylmy-barlag işleri şu aşakdakylary bölümleri öz içine almaly:

    1) baş sahypany;

    2) ylmy-barlag işiniň mazmunyny;

    3) girişi;

    4) ylmy-barlag işiniň esasy bölümini;

    5) ylmy-barlag işiniň jemleýji netijesini;

    6) ulanylan edebiýatlary.

    Ylmy-barlag işiniň mazmunynda ylmy-barlag işiniň esasy bölümleriniň atlary, girişi, bölümleriň we bölümçeleriň atlary, jemleýji netije, ulanylan edebiýatlar, goşundylaryň atlary we degişli sahypa belgileri görkezilýär.

    Girişde meseläniň goýluşy, temanyň wajyplygy, işiň öňünde goýlan maksady we wezipeleri, ulanylan edebiýat çeşmeleriniň gysgaça seljermesi, meseläniň öwreniliş derejesi we gatnaşyjynyň goýlan meseläni çözmekde eden goşandy beýan edilýär.

    Ylmy-barlag işiniň esasy bölüminde gatnaşyjynyň toplan we gaýtadan işlän maglumatlary beýan edilýär.

    Ylmy-barlag işiniň jemleýji netijesinde gatnaşyjy tarapyndan alnan netijeler we jemleme beýan edilýär.

    Ulanylan edebiýatlaryň sanawynda gatnaşyjy tarapyndan ulanylan edebiýatlar elipbiý tertibine laýyklykda ýazylýar.

    Ylmy-barlag işiniň umumy göwrümi 30 sahypadan az bolmaly däldir, işiň formaty А4 (şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir aralygy – 1,5 interwal; sahypanyň hemme tarapyndan 20 мм goýmaly). Tablisalar, suratlar, çyzgylar, erkin görnüşde goýlup bilner. Edebiýatlara salgylanmalar nomerler arkaly görkezilýär.


    «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar

    ýyly» mynasybetli ýaşlaryň arasynda

    geçirilýän ylmy işler boýunça

    «Ýokary tehnologiýalar we

    innowasion işläp taýýarlamalar» atly

    halkara bäsleşiginiň

    Düzgünnamasyna 3-nji goşundy


    Ylmy-barlag işiniň ady:


    Ylmy-barlag işiniň ugry:




    Işiň temasy


    Ýerine ýetiriji:   

    Gatnaşyjynyň ady we familiýasy 

    Okuw (iş) ýeriniň ady, kursy (wezipesi)


     

    Ylmy ýolbaşçysy: 

    Ylmy ýolbaşçysynyň ady we familiýasy

    Iş ýeri , wezipesi, alymlyk derejesi


    Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz:

    https://www.education.gov.tm/tm/digital-innovation


    https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/70432/yokary-tehnologiyalar-we-innowasion-islap-tayyarlamalar-atly-halkara-baslesigi-geciriler

    Latest News

    PROGRAM II International Competition surady

    06/05/2025

    PROGRAM II International Competition
    the II International Competition surady

    28/04/2025

    the II International Competition
    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK! surady

    22/04/2025

    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI