06/08/2025
245
Türkmenistanyň fransuz dili mugallymlary Fransiýanyň Nissa şäherinde hünär kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşdylar
2025-nji ýylyň 13-25-nji iýulynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň fransuz dili mugallymlary Fransiýanyň deňiz kenarynda ýerleşýän owadan Nissa şäheriniň «Frankofoniýa» okuw merkezinde tomusky okuw tejribeliginde boldular.
Fransiýa Respublikasynyň Nissa şäherindäki «Frankofoniya» okuw merkezi tarapyndan geçirilýän fransuz dili mugallymlary üçin tomusky tejribe okuwlary dünýäniň onlarça ýurdunyň fransuz dili mugallymlaryny bir ýere jemledi: Russiýa Federasiýasy, Gazagystan Respublikasy, Ermenistan Respublikasy, Gresiýa Respublikasy, Lýuksemburg, Rumyniýa, Slowakiýa Respublikasy, Kanada, Şwesiya, Hindistan Respublikasy, Italiýa Respublikasy, Germaniýa, Günorta Afrika Respublikasy we başgalar.
Türkmenistandan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Türkmenistanyň Fransuz institutynyň fransuz dili mugallymlary bu hünär kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşdylar.
Okuw tejribeligi döwründe mugallymlar üçin bilimleri çuňlaşdyrmaga, hünär ukyplaryny we başarnyklaryny ösdürmäge, mugallymçylyk işini kämilleşdirmäge gönükdirilen intensiw okuwlary guraldy.
Mugallymlar üçin bilim maksatnamasy «Fransuz dilini öwretmekde emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak», «Fransuz dili sapaklarynda teatr we aýdym-saz pedagogikasynyň elementlerini ulanmak», «Sözlügi we grammatikany oýunlar arkaly öwretmek» we başga-da birnäçe tema boýunça 16 modula görä düzüldi.
Mugallymlar hödürlenilýän birnäçe modul boýunça okuwlary saýlap almaga mümkinçilik aldylar. Sapaklaryň dowamynda talyplary okatmakda sanly tehnologiýalary we emeli aňy ulanmaga, şeýle hem bu ugurdaky öňdebaryjy tejribeleri we amalyýeti gözden geçirmäge aýratyn üns berildi. Okuwlar fransuz dilli ýurtlardan – Şweýsariýadan, Belgiýadan, Kanadadan we beýlekilerden çagyrylan mugallymlaryň ýolbaşçylygynda geçirildi.
Okuw tejribeliginiň maksatnamasyna «açyk asmanyň astyndaky umumy okuwlar» hem girdi: «Frankofoniýa» dil merkeziniň esaslandyryjysy we müdiri Ýann Librati tarapyndan mugallymlar üçin geçirilen medeni we bilim gezelençleri, Nissanyň we ýakyn şäherleriň gözel ýerlerine guralan maglumat beriş gezelençlerde mugallymlar medeni aýratynlyklar, fransuzlaryň milli däpleri, fransuz binagärligi, fransuz diliniň taryhy bilen tanyşdylar we halkara aragatnaşyk dilleriniň biri, BMG-niň we beýleki halkara guramalarynyň resmi dilleriniň biri bolan fransuz diliniň häzirki zaman ösüşi we täsiri barada pikir alyşdylar.
Nissa şäherindäki duşuşyk uly, dostlukly we owadan gala konserti bilen utgaşdy, oňa gatnaşyjylar öz ýurtlarynyň taryhynyň we medeniýetiniň gözelligini we baýlygyny sungat dilinde görkezdiler. Biz tomaşaçylara Türkmenistanyň däp-dessurlaryna we medeniýetine bagyşlanan prezentasiýa, şeýle hem ýygnananlary begendiren we ruhlandyran milli «küştdepti» tansyny we türkmen milli tagamlaryny hödürledik.
Hünär kämilleşdiriş okuwlary gutarandan soňra mugallymlara degişli şahadatnamalar gowşuryldy.
Mugallymlar üçin okuw tejribeligi ýa-da «Frankofoniýa» dil merkeziniň wekilleriniň ony «Tomusky uniwersitet» diýip atlandyryşy ýaly, Nissa şäherindäki okuw merkezi her ýyl fransuz dilini daşary ýurt dili hökmünde okatmaga ýöriteleşmek bilen, mugallymlar, talyplar üçin işewür fransuz dilini, şeýle hem fransuz dilinden halkara synaglaryny tabşyrmaga ýöriteleşdirilen taýýarlyk okuwlaryny hödürleýär.
Türkmen mugallymlary üçin «Frankofoniýa» dil merkezindäki ilkinji okuwlar 2025-nji ýylda bellenilýän möhüm senäniň – Türkmenistanda fransuz dili dersiniň okadylmagynyň 30 ýyllygynyň hormatyna Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy we ýurdumyzyň Bilim ministrligi tarapyndan gurnaldy. 1994-nji ýylyň aprelinde Fransiýanyň Prezidenti Fransua Mitteranyň Türkmenistana amala aşyran ilkinji saparyndan bäri fransuz dilini öwrenmek biziň ýurdumyzda ýokary we orta bilim maksatnamalarynyň möhüm bölegine öwrüldi. Bu möhüm waka türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň we medeniýetara aragatnaşygyň ösüşiniň taryhynda aýratyn ähmiýete eýedir.
Ogulbeg GAZAKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy.
Latest News

31/08/2025
A Video Conference Meeting Was Held
19/07/2025
Volunteers Prepare for the UN Avaza Forum