Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
      • Visits
        • INTERNATIONAL CONFERENCE IN THE CONTEXT OF THE BELT AND ROAD INITIATIVE
      • Ambassadors' lectures
        • TRAINING SESSION HELD BY AN AMBASSADOR EXTRAORDINARY AND PLENIPOTENTIARY OF MALAYSIA TO TURKMENISTAN
      • International days
        • MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLARYŇ HALKARA GÜNI
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
        • A SESSION WITH MEMBERS OF THE SCHOOL OF YOUNG DIPLOMATS WAS HELD
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • Halypa diplomat bilen açyk sapak geçirildi
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / TÜRKMENISTAN 2028-NJI ÝYLY «HALKARA HUKUGYŇ ÝYLY» DIÝIP YGLAN ETMEGI TEKLIP ETDI
    TÜRKMENISTAN 2028-NJI ÝYLY «HALKARA HUKUGYŇ ÝYLY» DIÝIP YGLAN ETMEGI TEKLIP ETDI surady
    28/11/2025

    729

    TÜRKMENISTAN 2028-NJI ÝYLY «HALKARA HUKUGYŇ ÝYLY» DIÝIP YGLAN ETMEGI TEKLIP ETDI

    Biziň döwrümiz taryhy kanunalaýyklyk — adamzat jemgyýetiniň durmuşynyň halkaralaşdyrylmagy bilen häsiýetlendirilýär. Dürli-dürli serhetleriň bolmagyna garamazdan, ýurtlaryň bir bitewi halkara bileleşiginde özara gatnaşyk tendensiýasy ösýär. Halkara gatnaşyklary diňe bir döwletiň däl, eýsem, her bir aýratyn adamyň durmuşyna hem öz täsirini ýetirýär.

    Halkara gatnaşyklar ulgamy hukugyň aýratyn görnüşi bolup, halkara hukuk kadalary bilen kadalaşdyrylýar. Halkara hukugy özbaşdak hukuk pudagydyr, ol halkara hukuk kadalaryň jemi bolup, parahatçylygy we hyzmatdaşlygy üpjün etmek maksady bilen döwletara gatnaşyklaryny düzgünleşdirýändir. Halkara hukugy umumadamzat medeniýetiniň wajyp serişdesidir. Ol halklaryň bir-birini hormatlamaklygyna hem täsir edýändir.

    Halkara hukugyny öwrenmekligiň ähmiýetiniň artmagy bilen, Birleşen Milletler Guramasy oňa uly üns bermek bilen 1990—1999-njy ýyllary Halkara hukugynyň onýyllygy diýlip yglan edildi.

    Häzirki wagtda dünýä bileleşigi halkara hukugynyň ösdürilmegine we ýaýramagyna degişli işleri yzygiderli amala aşyrýar. Türkmenistan hem halkara hukugynyň subýekti hökmünde bu işlere işjeň gatnaşýar.

    2025-nji ýylyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasyndaky çykyşynda möhüm başlangyç bilen çykyş etdi — 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmegi teklip etdi hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy ugurlarda merkezi ornuny güýçlendirmegi yzygiderli goldap geljekdigini nygtady. Ol halkara hukugynyň agalygyny berkitmegiň bu maksada ýetmegiň esasydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiziň pikirine görä, 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek parahatçylygyň we halkara hyzmatdaşlygynyň hukuk esaslaryny berkitmekde möhüm ädim bolar. Bu başlangyç Türkmenistanyň hoşniýetli goňşuçylyk, dialog we özara hormat goýmak ýörelgelerine ygrarlylygyny görkezýär.

    2028-nji ýylyň «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan edilmegi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň halkara hukuk esaslaryny pugtalandyrmakda möhüm ädim bolar.


    Merjen GURBANNAZAROWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy.

    Latest News

    INTERNATIONAL VOLUNTEER DAY surady

    03/12/2025

    INTERNATIONAL VOLUNTEER DAY
    Ýokary hünär taýýarlygy tejribeden başlanýar surady

    02/12/2025

    Ýokary hünär taýýarlygy tejribeden başlanýar
    Türkmenistan bilen BMG-¬niň strategik hyzmatdaşlygy surady

    29/11/2025

    Türkmenistan bilen BMG-¬niň strategik hyzmatdaşlygy
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI