28/11/2023
1695
Täsirli geçen duşuşyk
2023-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda daşary ýurtlarda önümçilik tejribeligini geçen talyplaryň hünärlerini kämilleşdirmekde täze öwrenen zatlaryny paýlaşmak maksady bilen duşuşyk geçirildi. Oňa institutyň talyplary we professor-mugallymlary gatnaşdylar.
Bilşimiz ýaly, institutyň talyplary önümçilik tejribeligini döwletimiziň Azerbaýjan Respublikasyndaky, Gazagystan Respublikasyndaky, Gyrgyz Respublikasyndaky, Täjigistan Respublikasyndaky, Özbegistan Respublikasyndaky, Eýran Yslam Respublikasyndaky, Türkiýe Respublikasyndaky diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda geçip, öz bilim alýan hünärleri boýunça has-da kämilleşdiler.
Duşuşygyň dowamynda bu talyplar oňa gatnaşyjylar bilen özlerinde täsir galdyran wakalar hakynda we gazanan tejribeleri barada pikir alyşdylar.
Maral KARLYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.
Latest News
23/01/2026
YOUNG REPORTERS ATTENDED A TRAINING SESSION
22/01/2026
Young reporters were provided with the class