06/03/2023
1318
INTERNET ŽURNALISTIKASYNYŇ ORNY BARADA AÇYK SAPAK GEÇIRILDI
7-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyplarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň bölüm müdiri, mugallym Gylyçmyrat Gurbanowyň «Ýöriteleşme ders» sapagy boýunça açyk sapak geçirildi. Oňa «Altyn-asyr» elektron gazetiniň başlygy Myrat Bekmyradow we «Türkmenportal» internet portalynyň habarlar bölüminiň başlygy Georgiý Aslanýan myhman hökmünde gatnaşdylar.
Açyk sapagyň dowamynda myhmanlar sanly asyrda internet žurnalistikasynyň orny, habarlary dessin ýaýratmagyň usullary, internet saýtlarda maglumatlary ýerleşdirmegiň aýratynlyklary dogrusynda gürrüň berdiler. Açyk sapak sorag-jogap görnüşinde geçirilip, talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen myhmanlara ýüzlendiler. Munuň özi geljekde halkaraçy žurnalist hökmünde zähmet çekjek talyplaryň hünär başarnyklaryny kämilleşdirmäge uly ýardam eder.
Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.
Latest News
23/01/2026
YOUNG REPORTERS ATTENDED A TRAINING SESSION
22/01/2026
Young reporters were provided with the class