25/12/2025
38
Iki goňşy döwleti birleşdirýän ykdysady köpri: Türkmen-özbek söwda we ykdysady gatnaşyklary
Ýakyn goňşy döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, gadymyýetden gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerinden ugur alyp, Türkmenistan Özbegistan bilen gatnaşyklaryň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki wagtda türkmen-özbek gatnaşyklary yzygiderliligi hem-de ulgamlaýynlygy bilen häsiýetlendirilýär. Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatlaryna görä, 2007 – 2025-nji ýyllar aralygynda döwlet Baştutanlarynyň derejesinde iki ýurda döwlet, resmi we iş saparlarynyň 29-synyň amala aşyrylmagy munuň aýdyň delilidir.
Häzirki wagtda halkara ykdysady gatnaşyklary ýurtlaryň arasyndaky ynamy berkitmekde we durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Eger Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyga syn salsak, onda iki döwletiň arasynda ykdysady, söwda, ulag-logistika, energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we olary ösdürmek hakynda birnäçe ylalaşyklara we şertnamalara gol çekilendir. Olara Türkmenistan bilen Özbegistanyň Daşary işler ministrlikleriniň hem-de Ykdysady we Maliýe ministrlikleriniň resmi habarlar portalynyň maglumataryna esaslanyp, 2022-nji ýylda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygyny, transport we tranzit hyzmatdaşlygy baradaky ylalaşygyny, 2022 – 2025-nji ýyllar üçin söwda we senagat hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň orta möhletli meýilnamasynyň kabul edilmegini, ikitaraplaýyn söwda zolaklaryny döretmek we iki döwletiň gümrük guramalarynyň hyzmatdaşlygyny ýola goýmak, gümrük tertibini ýeňilleşdirmek boýunça ylalaşyklary, 2023-nji ýylda iki döwletiň arasyndaky erkin söwda ylalaşygyny hem-de “Ýol kartasynyň” kabul edilmegini, 2024-nji ýylda “Uzak möhletli söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça esasy ugurlar boýunça” ylalaşygyny we Erkin söwda zolagyny, 2025-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanyň, Özbegistanyň hem-de Azerbaýjanyň baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitinde gol çekilen ylalaşyklary (“Transport we logistika hyzmatdaşlygy”, “Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda howa gatnawlaryny dikeltmek” protokoly, “Ulag koridorlaryny giňeltmek”, “Hazar portlaryny ulanmak”, “Transport ulgamynda integrasiýa işlerini dowam etdirmek” baradaky ylalaşyklar) mysal getirse bolar.
Şeýle-de 2025-nji ýylyň 16-17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary amala aşyryldy. Saparyň dowamynda dürli duşuşyklar bolup geçdi. Ol duşuşyklar esasan syýasy, ykdysady, ynsanperwer we medeni meseleleri öz içine aldy. Iki döwletiň Ykdysadyýet we Maliýe ministrlikleriniň resmi habarlar portalynyň berýän maglumatlaryna görä, ykdysady babatda Ahal welaýatynyň häkimligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşkent oblastynyň häkimiýetiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk, Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň häkimligi bilen Özbegistanyň Respublikasynyň Garagalpak Respublikasynyň Ministrler Geňeşiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk, Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň häkimligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Surhanderýa oblastynyň häkimiýetiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk, Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň işi hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistanyň Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda şertnama baglaşyldy.
2021-nji ýylyň ilkinji 11 aýynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 761,2 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu görkeziji iki döwletiň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň ep-esli ösüşiniň netijesidir. 2022-nji ýylda bolsa bu san 926,3 million ABŞ dollaryna ýetip, 2021-nji ýyldakydan 2,7 göterim artyk boldy. 2023-nji ýylda iki döwletiň arasyndaky söwda dolanyşygy 1,094 milliard ABŞ dollaryna ýetdi.
2024-nji ýylyň netijelerine görä, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 1,075 milliard ABŞ dollaryna deň boldy. Bu döwürde Türkmenistanyň Özbegistana eksport eden harytlarynyň bahasy 964,9 million ABŞ dollaryna deň bolup, Özbegistanyň Türkmenistandan import eden harytlarynyň möçberi bolsa 110,4 million ABŞ dollaryndan geçdi. 2025-nji ýylyň ilkinji 11 aýynyň netijelerine görä iki döwletiň söwda dolanyşygy 876,8 million ABŞ dollaryndan geçdi. Bu ýagdaý Türkmenistandan Özbegistana gönükdirilýän önümleriň, esasan, energiýa serişdeleri, elektrik togy, gurluşyk materiallary, himiýa senagatynyň önümleri we oba hojalyk harytlarynyň esasy paýy eýeleýändigini görkezýär. Öz gezeginde, Türkmenistan Özbegistandan awtoulag enjamlary, oba hojalyk tehnikalary, azyk önümleri we ýeňil senagat harytlaryny import edýär.
Taraplaryň arasynda döredilen özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýy diňe bir söwda gatnaşyklary bilen çäklenmän, giň ykdysady hyzmatdaşlygyň esasyny hem döretdi. Häzirki wagtda iki ýurduň hökümetleri söwda dolanyşygyny 2 milliard ABŞ dollaryna çenli ýetirmek baradaky maksatnamany durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýarlar. Şeýle hem iki döwletiň arasyndaky serhetýaka hyzmatdaşlygy we bilelikdäki senagat zonalarynyň döredilmegi boýunça işler alnyp barylýar. Türkmen-özbek serhedinde ýerleşýän “Daşoguz – Horezm” we “Lebap – Buhara” ugrunda bilelikdäki söwda merkezleriniň, şeýle hem logistika terminallarynyň döredilmegi bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşýändigine şaýatlyk edýär.
Soňky ýyllarda iki döwlet ulag, suw hojalygy, energetika howpsuzlygy we ekologiýa babatdaky hyzmatdaşlygy boýunça giň gerimli işleri alyp barýar. Şeýle hem iki ýurduň arasynda ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işjeň çäreler görülýär. Türkmenistan arkaly Özbegistana deňiz çykalgasyna ýol açýan Türkmenbaşy portuny ulanmak mümkinçiligi hem özbek ykdysadyýeti üçin möhüm ähmiýete eýedir.
Soňky ýyllarda taraplaryň arasyndaky gatnaşyklaryň çäginde gaz, elektrik energiýasy we oba hojalyk pudaklarynda hyzmatdaşlyk has-da giňeldi. Türkmenistan Özbegistana elektrik energiýasyny eksport edýän esasy ýurtlaryň biridir. Ulag ulgamynda “Türkmenistan–Özbegistan–Eýran–Oman” halkara ulag geçelgesiniň durmuşa geçirilmegi, ýurtlaryň arasyndaky söwda ulgamynyň ösmeginde möhüm orny eýeläp biler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyz tarapyndan goňşy döwletler bilen gatnaşyklaryň has-da işjeňleşmegi ugrunda saldamly işler alnyp barylýar. Täze taslamalaryň amala aşyrylmagy, söwda we ykdysady gatnaşyklarynyň täze ugurlarynyň ösdürilmegi, durmuşa geçirilmegi iki goňşy döwletiň ykdysady gatnaşyklarynyň berkidilmegine getirer.
Nurmuhammet ANNAMURADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby.
Latest News
24/12/2025
Halklary jebisleşdirýän gymmatlyk
22/12/2025
ФИНЛЯНДИЯ — РОДИНА САНТА-КЛАУСА