525
Durnukly ösüşiň ygtybarly binýady
Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň ýokary derejede bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen döwletliliginiň buýsançly ösüşini hoşniýetli halkara hyzmatdaşlygyň netijelerinde, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylmy-tehnologik we beýleki gazanylýan üstünliklerde görmek bolýar. Jemgyýetimizi yzygiderli kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn ösüş syýasatynda Bitaraplyk hukuk ýagdaýy aýratyn orun eýelemek bilen, durnukly we sazlaşykly ösüşe, şol sanda jemgyýetiň sanlylaşdyrylmagyna, innowasion öňegidişlikleriň özleşdirilmegine, ekologik sazlaşyga oňyn täsir edýär.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanmak bilen, daşary syýasatyň binýatlyk ýörelgesi bolup, diplomatiýanyň ähli ileri tutulýan ugurlaryny, ýörelgelerini we wezipelerini utgaşdyrýar. Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky ilkinji Kararnamanyň kabul edilen döwründen bäri biziň ýurdumyz sebitde we ählumumy derejelerde öňüni alyş diplomatiýasyny durmuşa geçirmegiň esasy guraly hökmünde Bitaraplygyň netijelidigini yzygiderli görkezip gelýär. 2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda bitaraplyk ugrunyň ählumumy ykrarnamasy hökmünde üçünji gezek Kararnamanyň kabul edilmegi geçilen taryhy döwürde toplanan bitaraplyk gymmatlyklarynyň nobatdaky tassyknamasydyr. Çünki bu resminama döwletimiz tarapyndan ileri tutulýan bitarap ýurtlaryň çäklerini parahatçylykly gepleşikleri geçirmek maksady bilen peýdalanmaga giň ýol açýar. Dünýä tejribesinde ylalaşdyryjy, araçy bolup çykyş edýän döwletiň bu wezipesini kesgitleýji esasy şerti onuň beýleki döwletleriň doly ynamyny gazanmagydyr. Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi ýaly sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy goramagyň hem-de berkitmegiň möhüm institutlarynda öz beýanyny tapýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we ösüşi berkitmek ugrunda halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça jogapkärçilikli hem-de başlangyçly çemeleşmesi Milletler Bileleşiginiň ýokary bahasyna eýe boldy. Bu babatda döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde eden çykyşynda: «Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde öz jogapkärçiligine düşünip, hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek ýagdaýyny, ählumumy hem-de sebit derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply esasy we kesgitleýji şert hökmünde özara hormat goýmak dialogyny döretmäge gönükdirilen anyk çäreleri mundan beýläk-de amala aşyrmaga taýýardyr.
Häzirki wagtda bu wezipeleri ilerletmekde we ýerine ýetirmekde iň netijeli gurallaryň biriniň bitaraplyk ýörelgeleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmelidigine berk ynanýarys» diýmek bilen, bitaraplyk ýörelgeleriniň ählumumy ähmiýetini beýan etdi. Häzirki wagtda halkara gatnaşyklar nazaryýetinde bitaraplyk institutyna aýratyn gyzyklanma bildirilýär. Hemişelik bitaraplygyň beýleki döwletler tarapyndan ykrar edilmeginiň ähmiýeti, onuň hukuk taýdan hereket etmegi üçin halkara derejede berkidilmegi, halkara gatnaşyklary utgaşdyryjy, gapma-garşylyklary sazlaýjy, parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün edýän gural hökmünde dürli ynsanperwer ylymlaryň nukdaýnazaryndan öwrenilýär. Şunda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň aýratynlyklary üns berilmäge mynasypdyr. Bitaraplyk halkara ynsanperwer gymmatlyklar ulgamynda oňyn düşünje hökmünde türkmen Bitaraplygynyň mysalynda ylymda we tejribede mynasyp orun eýeledi. Bu garaýyş döwletleri halkara hukugyň deňhukukly agzasy hökmünde kabul etmegi, diplomatik gatnaşyklarda birek-birege hormat goýmagy, hyzmatdaşlaryň bähbitlerini hasaba almagy, netijede, halkara hyzmatdaşlygyň deňagramlylygyny üpjün etmegi özünde jemleýär. Bitaraplygyň 30 ýyllyk taryhy tejribesi bu düşünjäniň mazmunynda döwletiň dünýäniň abadançylygyna, durmuş-ykdysady ösüşine gönükdirilen tagallalary alyp barmagynyň maksadalaýykdygyny hem esaslandyrýar. Bu tagallalar bitaraplyk we parahatçylyk ýörelgelerini beýan edýän halkara gatnaşyklarda, hususan-da, adam gymmatlyklary, ulag ulgamynyň mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagy, energiýa we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen çemeleşmelerde aýdyň ýüze çykýar.
Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ählumumy ähmiýetini bolsa onuň BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilmegi, Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy, ýurdumyzyň başlangyçlary esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ählumumy ulag-logistika, energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegini nazarlaýan Kararnamalary kabul etmegi, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi we netijede, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýaly anyk ýagdaýlarda görmek bolýar. Şunda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky hem-de 2025-nji ýylyň 21-nji martyndaky Kararnamalarynyň, Halkara Bitaraplyk gününi yglan edýän 2017-nji ýylyň 2-nji fewralyndaky Kararnamasynyň ähmiýetini aýratyn bellemek gerek. Ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy üpjün etmekdäki möhüm ornuny döwletimiziň başlangyçlary esasynda 2024-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalaryň kabul edilmeginiň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Bularyň ählisi Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna daýanýan «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymatynyň wajyplygyny, ýagny dünýäde we sebitde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmäge, parahatçylygyň bolsa diňe syýasy-diplomatik ýollar arkaly gazanylmagy bilen ösüşe giň ýol açýandygyny esaslandyrýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 2-nji we 9-njy maddalarynda dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy we onuň ýörelgeleri hakyndaky kadalaryň konstitusion derejede berkidilmegi ýurdumyzyň daşary syýasy gatnaşyklarynyň, Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň milli hukuk ulgamynda döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýändigini beýan edýär. 1995-nji ýylda kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Konstitusion kanunda parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň ýöredilýändigi, beýleki ýurtlar bilen gatnaşyklarynyň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk ýörelgeleri esasynda guralýandygy bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, 19-njy sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň milli kanunçylykdaky ornuny has-da berkitmek maksady bilen, strategik ähmiýete eýe bolan «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Konstitusion kanunyň kabul edilendigini aýratyn bellemek gerek. Onuň maksady sebit durnuklylygynyň ygtybarly kepili, şeýle hem parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde ýurdumyzyň ornuny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Bu barada hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda şu ýylyň 12-nji dekabrynda dünýä bileleşigi bilen bilelikde örän möhüm şanly senäni — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny giňden belläp geçjekdigimizi, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen we Konstitusiýamyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplygymyzdan ugur alyp, ähli döwletler, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça zerur tagallalaryň ediljekdigini nygtady.
Ählumumy ösüşiň maksatlary bilen sazlaşýan hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllyk taryhy tejribesi onuň ähmiýetini, dünýä derejesinde ykrar edilmegini, halkara gatnaşyklaryň we diplomatiýanyň nazaryýetinde mynasyp ornunyň bardygyny doly tassyklaýar. Bitaraplygyň ýörelgeleri hökmünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň, dostlugyň we ynsanperwerligiň ählumumy ösüş maksatlaryna hyzmat edýändigi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ylymda we tejribede ykrar edilmegine giň ýol açýar.
Atamyrat BEKÇIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň Gündogary öwreniş ugurynyň magistranty.
Çeşme: https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/215831
Latest News
03/12/2025
INTERNATIONAL VOLUNTEER DAY
02/12/2025
Ýokary hünär taýýarlygy tejribeden başlanýar