20/06/2026
109
ÝÖRITE OKUW MAKSATNAMASYNYŇ TANYŞDYRYLYŞY GEÇIRILDI
2026-nji ýylyň 17-18-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabat şäherindäki binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda ýokary okuw we orta hünär mekdepleri üçin “Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak” atly ýörite maksatnamasy bilen tanyşdyryş çäresi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Milli bilim institutynyň hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw we orta hünär okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň esasy maksady Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Milli bilim institutynyň bilelikde ýokary okuw we orta hünär okuw mekdepleri üçin taýýarlan “Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak” atly ýörite maksatnamasy bilen içgin tanyşmak bolup durýar. Bu maksatnamada esasan onuň maksady, meseleleri, meýilnamamalary, howanyň üýtgemegi we Türkmenistanda ýaşaýyş şertiniň durnuklylygy hem-de bu maksatnamany özleşdirmek boýunça okatmagyň häzirkizaman usullary barada giňişleýin görkezilipdir. Çäräniň dowamynda berlen maglumatlary berkitmek üçin gatnaşyjylaryň arasynda toparlaýyn görnüşde tejribe ýumuşlary hem geçirildi.
Tanyşdyryş çäräniň ahyrynda gyzykly sorag-jogaplar alşyldy. Soňra bilim ulgamynda işleýän mugallymlaryň tejribesini we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek maksady bilen şeýle çäreleri geçirmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.
Merjen GURBANNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
kafedrasynyň uly mugallymy