31/03/2026
81
YLYM-BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-EÝRAN HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
2026-njy ýylyň 31-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehanin bilen bu ýokary okuw mekdebiniň rektory G.Ýusupowanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky ileri tutulýan ugurlary hususan-da, ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilçi öz çykyşynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky ylmy-barlag we akademik ugurlardaky hyzmatdaşlygyň mümkiçilikleri barada belläp geçdi.
Duşuşykda iki tarapyň arasynda tejribe alyşmagyň, bilelikdäki ylmy maslahatlary guramagyň we talyplaryň akademiki derejesini ýokarlandyrmagyň meselelerine aýratyn üns çekildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň arasynda ylym-bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Aknur BABAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.