26/05/2026
207
Ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi
2026-njy ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň «Ýaş hukukçylar» ylmy gurnagynyň guramagynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasy – döwletliligiň, demokratiýanyň, adam gymmatlyklaryny hormatlamagyň nusgalyk ýoly» atly ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi. Onda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Jennet Öwekowa çykyş etdi.
Bu maslahata institutyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň talyplary gatnaşdylar. Ol öz çykyşynda ýurduň Esasy Kanunynyň döwlet gurluşyndaky, demokratik ýörelgeleri dabaralandyrmakda hem-de adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekde eýeleýän möhüm orny barada giňişleýin durup geçdi.
Ylmy-döredijilik maslahaty talyp ýaşlaryň ýurdumyzda halkara hukugynyň kadalaryna we ýörelgelerine laýyklykda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan halkara gatnaşyklaryndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini öwrenmek bilen, bilimlerini artdyrmaga mümkinçilik döredýär.
Dürli BALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk
öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy