01/05/2026
96
YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň Merkezi Aziýa döwletlerinde öwrenilişi” atly ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, uly mugallym, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Ogulgurban Ezimowa şeýle-de, Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy Perhat Mähremow çykyş etdiler. Çykyş edenler şahyryň egsilmez mirasy baradaky gymmatly maglumatlary gatnaşyjylar bilen paýlaşdylar.
Şeýle-de, Magtymguly Pyragynyň döredijiligi diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem ähli Gündogar halklary, aýratyn-da Merkezi Aziýa döwletleri üçin ruhy hazynadygyny aýratyn bellediler. Mundan başga-da, mugallymlar şahyryň döredijiligindäki agzybirlik, watançylyk we ynsanperwerlik ýaly häzirki zaman Merkezi Aziýa diplomatiýasynda möhüm orun tutýan temalara ünsi çekdiler. Täsirli geçen maslahatda talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallaryna jikme-jik jogaplary aldylar.
Aýgözel AMANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby
Soňky täzelikler
30/04/2026
SURAT ÇEKMEK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
29/04/2026
ÝAŞ ŽURNALISTLER ÜÇIN OKUW SAPAGY GURALDY
27/04/2026
ÇEPER OKAÝYŞ BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI