25/12/2025
44
YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
Ýaş nesillerde watançylygy, ynsanperwerligi terbiýelemeklik, meşhur şahsyýetleriň atlaryny ebedileşdirmek, döredijilik başarnyklaryny ösdürmek, olary ylma hem-de döredijilige ugrukdyrmak maksady bilen, 2025-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň guramagynda «Gahryman Arkadagymyzyň Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi kitabynda döwlet gurmagyň we ony dolandyrmagyň esas goýujy ýörelgeleri» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Ony Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy D.Ballyýewa alyp bardy. Oňa Halkara hukugy fakultetiniň talyplary, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri gatnaşdylar.
Ylmy-amaly maslahatda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri H.Tuwakowa çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi we beýleki nusgalyk kitaplarynda döwlet gurmagyň we ony dolandyrmagyň esas goýujy ýörelgeleri, mähriban watanymyzyň şanly taryhy, onda ýitmejek yz galdyran taryhy şahsyýetler, jöwher zehinli alymlar, nusgawy şahyrlar we beýleki meşhur şahsyýetler, milli mirasymyzy gorap saklamagyň derwaýys meseleleri barada gyzykly maglumatlary talyplaryň dykgatyna ýetirdi.
Ylmy-amaly maslahatyň dowamynda talyp ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan soraglar boýunça pikir alyşdylar.
Muhammetmyrat MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.