20/04/2026
117
ÝHHG-NIŇ AŞGABATDAKY MERKEZINIŇ GURAMAGYNDA TALYPLAR ÜÇIN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 20-nji aprelinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkeziniň guramagynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Ykdysady we ekologiýa meseleleri öňe sürmekde köpçülikde çykyş etmek sungaty” atly okuw sapagy geçirildi.
Okuw sapagyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar.
Bu okuw maslahatynyň esasy maksady ýaşlaryň köpçülikde çykyş etmek başarnygyny artdyrmakdan ybarat boldy. Okuw sapagynyň dowamynda talyplar halkara bilermeniň ykdysady we ekologiýa meseleleri babatda köpçülikde çykyş etmek sungaty boýunça çykyşyny diňlediler. Okuwyň amaly böleginde bolsa, talyplar dürli ykdysady we ekologiýa meseleleri boýunça çykyş etdiler.
Okuw sapagynyň dowamynda talyplar rus dilinde erkin pikir aňlatmak başarnygyny görkezip, köpçülikde çykyş etmek sungaty boýunça tejribe topladylar.
Güljeren ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler
21/04/2026
OKUW-USULY MASLAHAT GEÇIRILDI
21/04/2026
HALKARA HUKUGY ÝYLYNA BAGYŞLANAN BRIFING