Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • «FILOSOFIÝA – ÄHLI YLYMLARYŇ GÖZBAŞY» ATLY YLMY SEMINAR GEÇIRILDI
        • TÜRKMENISTANYŇ HALKARA BAŞLANGYÇLARYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • FINLÝANDIÝA RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
        • Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Туркменский вектор глобальной энергобезопасности – «Энергия. Сотрудничество. Развитие»
        • «AZIÝADA YNAMY BERKITMEK, ULAG BAGLANYŞYGYNY WE EKOLOGIÝA HOWPSUZLYGYNY ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA INNOWASION BASLANGYÇLAR» ATLY OKUW-USULY SEMINARY GEÇIRILDI
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Makalalar / Ýaşlaryň geljegine gönükdirilen strategiýa
    Ýaşlaryň geljegine gönükdirilen strategiýa surady
    02/11/2026

    95

    Ýaşlaryň geljegine gönükdirilen strategiýa

    Her bir döwletiň geljekki ösüşi ýaş nesliň bilim derejesine, hünär başarnyklaryna, döredijilik ukybyna we jemgyýetçilik jogapkärçiligine baglydyr. Şoňa görä-de, ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, olaryň durmuşda öz ornuny tapmagyna ýardam bermek hem-de täze başlangyçlaryny goldamak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» bu ugurdaky işleri täze mazmun bilen baýlaşdyrýan möhüm strategik resminamadyr.
    Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Men türkmen ýaşlaryna kalbymyň töründen orun berip, olary ezizleýärin» diýýän bolsa, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir» diýip nygtamagy ýaş nesillerimize bildirilýän uly ynamyň beýanydyr. Şoňa görä-de, Döwlet maksatnamasynyň esasy ähmiýeti ýaşlaryň bilim, hünär, durmuş, ykdysady we jemgyýetçilik mümkinçiliklerini özara baglanyşykly ösdürmäge gönükdirilendigindedir. Onuň 2031-nji ýyla çenli döwri öz içine almagy öňde goýlan wezipeleri tapgyrlaýyn amala aşyrmaga, ýaşlaryň isleglerini döwrüň talaplary bilen utgaşdyrmaga we uzak möhletli netijeleri gazanmaga şert döredýär. Resminamada ýaşlaryň durmuş taýdan özbaşdaklygyny gazanmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
    Ýaşlaryň zähmet bazarynda öz ornuny tapmagy hem Maksatnamanyň möhüm ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda ykdysadyýetiň ösüşi täze hünärleri we döwrebap başarnyklary talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýaş hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olary gaýtadan taýýarlamak we zähmet bazarynyň talaplaryna uýgunlaşdyrmak möhüm ähmiýete eýedir. Bilim bilen amaly tejribäniň utgaşdyrylmagy ýaşlaryň işde öz mümkinçiliklerini doly peýdalanmagyna we ykdysady ösüşe goşant goşmagyna şert döredýär.
    Maksatnamada ýaşlar telekeçiligini ösdürmäge hem uly ähmiýet berilýär. Ýaş telekeçilere ýeňillikli bank karzlaryny bermek we olaryň işini ýola goýmagyna ýardam edýän biznes-inkubatorlary döretmek baradaky çäreler täze işewürlik başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegine mümkinçilik berýär. Telekeçilik ýaşlaryň öz fikirlerini anyk taslamalara öwürmegine, täze hyzmatlary döretmegine we goşmaça iş orunlarynyň açylmagyna ýardam edýär. Şeýle hem bu ugur ýaşlarda maliýe sowatlylygyny, meýilleşdirmek ukybyny we jogapkärçilikli karar kabul etmek endiklerini ösdürýär.
    Ylmyň we tehnologiýalaryň çalt ösýän döwründe ýaşlaryň innowasion mümkinçiliklerini artdyrmak geljekki ösüşiň möhüm şertidir. Sanly tehnologiýalary özleşdirmek, ylmy gözleglere gatnaşmak we täze çözgütleri işläp taýýarlamak ýaşlaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirýär. Şonuň ýaly-da, olaryň ylmy-döredijilik taslamalaryny goldamak, tehniki başarnyklaryny ösdürmek we täze fikirlerini durmuşa geçirmäge şert döretmek ýurdumyzyň ylmy-tehnologik mümkinçilikleriniň giňelmegine hyzmat edýär.
    Ýaşlaryň kämil şahsyýet bolup ýetişmeginde milli medeni mirasy öwrenmek, ruhy-ahlak gymmatlyklaryna hormat goýmak we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek hem aýratyn orun tutýar. Taryhy we medeni baýlyklarymyzy häzirki zaman garaýyşlary bilen utgaşdyrmak ýaşlarda milli özboluşlylyga buýsanjy ösdürýär. Meýletinçilik, haýyr-sahawat, medeni we jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmak bolsa olaryň raýatlyk jogapkärçiligini, hyzmatdaşlyk ukybyny we jemgyýete peýdaly bolmak islegini güýçlendirýär.
    Jemläp aýdanyňda, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» ýaşlaryň durmuş taýdan durnuklylygy, hünär taýdan ösüşini, telekeçilik başlangyçlaryny, ylmy döredijiligini we jemgyýetçilik işjeňligini ösdürmäge gönükdirilen uzak möhletli strategiýadyr. Onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýaşlaryň öz mümkinçiliklerini doly açmagyna, täze pikirleri öňe sürmegine we ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmagyna ýardam eder. Ýurdumyzy gülledip ösdürmek babatda ägirt uly işleri amala aşyrýan, ýaş nesle uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri elmydama rowaç bolsun!

    Muhammet SÜLEYMANOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.

    Çeşme: "Biznes reklama" gazeti - 02.11.2026 ý. // https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/50/articles/255358

    Soňky täzelikler

    Торжество научной дипломатии surady

    04/11/2026

    Торжество научной дипломатии
    TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ XIII SAMMITI: PARAHATÇYLYKLY HYZMATDAŞLYGYŇ DABARALANMAGY surady

    04/11/2026

    TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ XIII SAMMITI: PARAHATÇYLYKLY HYZMATDAŞLYGYŇ DABARALANMAGY
    Nazary bilimleri çuňlaşdyryp surady

    02/11/2026

    Nazary bilimleri çuňlaşdyryp
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI