09/02/2026
37
ÝAŞ ALYMLARYŇ YLMY BÄSLEŞIGINIŇ INSTITUT TAPGYRY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilýän bäsleşigiň institut tapgyry geçirildi. Oňa institutyň ýaş mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Olar özleriniň ýazan ylmy işleri bilen çykyş etdiler. Mugallymlaryň we talyplaryň bäsleşige hödürlän ylmy işleri wajyplygy, derwaýyslygy, täzeçilligi esasynda institutyň halypa mugallymlary we alymlar geňeşiniň agzalary tarapyndan seljerildi.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda tejribeli hünärmenleri taýýarlamak, ýaşlaryň döredijilik ukybyny ýüze çykarmak, hemmetaraplaýyn ösen, öňdebaryjy nesli terbiýeläp ýetişdirmek babatda uly işler amala aşyrylýar. Bu babatda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz “Bilim we ylym ulgamlarynda utgaşykly alyp barýan düýpli özgertmelerimiziň netijesinde, ylma hem-de döredijilige höwesli ýaşlarymyzyň täze nesli kemala geldi. Ýurdumyzyň akademiki ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki hem-de ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe-önümçilik barlaghanalarynda, pudagara we pudaklaýyn ylmy edaralarda sazlaşykly ýola goýlan işler, gazanylýan üstünlikler munuň aýdyň mysalydyr” diýip belleýär.
Her ýylda döwlet derejesinde ýaşlaryň arasynda geçirilýän ylmy işleriň bäsleşigi hut şu asylly maksatlaryň amala aşmagyny şertlendirýän we ol zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, olara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge gönükdirilendir.
Nartäç BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler
12/06/2025
Ylma goýulýan hormat
29/05/2025
Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi