Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
        • “BIR GUŞAK, BIR ÝOL” BAŞLANGYJYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ ÇÄKLERINDE HARBIN TEHNOLOGIÝALAR INSTITUTYNDA GEÇIRILEN HALKARA YLMY MASLAHATY
      • Ilçileriň leksiýalary
        • IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYK HAS-DA BERKIDILÝÄR
      • Halkara günler
        • MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLARYŇ HALKARA GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
        • ÝAŞ DIPLOMATLAR MEKDEBINIŇ AGZALARY BILEN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Halypa diplomat bilen açyk sapak geçirildi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Geçirilen duşuşyklar / Ýaponiýaly diplomatyň ýaş žurnalistler bilen duşuşygy
    Ýaponiýaly diplomatyň ýaş žurnalistler bilen duşuşygy surady
    15/04/2022

    1493

    Ýaponiýaly diplomatyň ýaş žurnalistler bilen duşuşygy

    Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasat ugry dünýä ýurtlary bilen dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Bu ugurda Aziýa – Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary, hususan-da, Ýaponiýa bilen gatnaşyklar hil taýdan täze derejelere çykýar. Esasan hem dostlukly Ýaponiýa döwleti bilen söwda-ykdysady gatnaşyklar, ynsanperwer ugurlarda, ylym-bilim pudagyndaky hyzmatdaşlyklar barha ösdürilýär.
    Munuň bilen baglanyşykly, 2022-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hiroýuki Ýamamoto bilen institutyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplarynyň arasynda geçirilen duşuşygy aýtmak bolar.
    Duşuşygyň barşynda ýaponiýaly diplomat iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli we strategik häsiýete eýedigini bellemek bilen, ykdysadyýet, bilim we ylym, hünärmenleri alyşmak we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny nygtady. Hususan-da, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de ösdürmek bilen bagly özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýändigini çykyşynyň dowamynda belläp geçdi.
    Geljekki halkaraçy talyplar hormatly myhmana türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň geljegi, saýlan hünär ugurlary bilen bagly özlerini gyzyklandyrýan sowallary bilen ýüzlendiler. Diplomatik gullugynyň baý tejribesine eýe bolan ilçi özüne berlen sowallara giňişleýin jogap bermek bilen, talyplara geljekki hünär ugurlarynda ýokary derejelere eýe bolmagyny, dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň ösüşine öz şahsy goşantlaryny goşmagy arzuw etdi.
    Gözel EMINOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.
    Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz!
    https://salamnews.tm/section/syyasat/halkara-hyzmatdaslyk/yaponskij-posol-dal-press-konferenciyu-v-institute-mezhdunarodnyh-otnoshenij-mid-turkmenistana-ee19d9

    Soňky täzelikler

    Russiýa Federasiýasynyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyk surady

    10/11/2025

    Russiýa Federasiýasynyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyk
    Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bilen Erkin Söwda Zolaklarynyň Sekretariatynyň Medeniýet meseleleri boýunça orunbasarynyň arasynda geçirilen duşuşyk surady

    03/11/2025

    Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bilen Erkin Söwda Zolaklarynyň Sekretariatynyň Medeniýet meseleleri boýunça orunbasarynyň arasynda geçirilen duşuşyk
    GÖNI WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY DUŞUŞYK GEÇIRILDI surady

    21/10/2025

    GÖNI WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY DUŞUŞYK GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI