Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
        • “BIR GUŞAK, BIR ÝOL” BAŞLANGYJYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ ÇÄKLERINDE HARBIN TEHNOLOGIÝALAR INSTITUTYNDA GEÇIRILEN HALKARA YLMY MASLAHATY
      • Ilçileriň leksiýalary
        • IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYK HAS-DA BERKIDILÝÄR
      • Halkara günler
        • MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLARYŇ HALKARA GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
        • ÝAŞ DIPLOMATLAR MEKDEBINIŇ AGZALARY BILEN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Halypa diplomat bilen açyk sapak geçirildi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYK BAÝRAMY EÝRANDA GIŇDEN BELLENILDI
    TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYK BAÝRAMY EÝRANDA GIŇDEN BELLENILDI
    TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYK BAÝRAMY EÝRANDA GIŇDEN BELLENILDI
    TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYK BAÝRAMY EÝRANDA GIŇDEN BELLENILDI
    27/09/2025

    259

    TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYK BAÝRAMY EÝRANDA GIŇDEN BELLENILDI

    2025-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli Tähran şäheriniň Azady meýdanynda Türkmenistanyň baýdagynyň görkeziliş dabarasy geçirildi.

    Bu çäräniň dowamynda ýurdumyzyň Döwlet senasy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Öňe, öňe, diňe öňe jan Watanym Türkmenistan» diýen aýdymy ýaňlandy.

    Geçirilen bu dabara Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň, Tähran şäheriniň häkimliginiň, ýerli dolandyryş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

    Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Medeniýet institutynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly maslahat geçirildi.

    Maslahata Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary we onuň orunbasarlary, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, bu ýurduň Yslam Şurasy Mejlisiniň deputatlary, Eýranda akkreditlenen daşary ýurt ilçileri hem-de hormatly myhmanlar gatnaşdylar.

    Çäräň dowamynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky ilçisi, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň kömekçisi, Ýewraziýa departamentiniň başlygy, Eýranyň Yslam Şurasy Mejlisiniň deputaty, türkmen-eýran dostluk toparynyň ýolbaşçysy hem-de edebiýatçylar çykyş etdiler. Onda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli gutlag sözleri aýdyldy hem-de ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagy, syýasy taýdan durnuklylygy barada bellenilip geçildi. Şeýle-de, şu ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti barada bellenilip geçildi.

    Maslahatyň dowamynda medeniýet toparynyň ýerine ýetirmeginde türkmen milli aýdym-saz, medeni çykyşlary görkezildi. Çäräniň çäklerinde türkmen halkynyň medeniýetini, milli mirasyny we şekillendiriş sungatyny açyp görkezýän sergi geçirildi hem-de türkmeniň milli tagamlary hödürlenildi.

    Bu geçirilen çärelerde Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň agzybir işgärleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, şol ýerde önümçilik tejribeligini geçýän talyplary hem işjeň gatnaşdylar.


    Arslan SYÝAHATOW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    «ÇÄKSIZ DÜNÝÄ: HEMMELER ÜÇIN DEŇ MÜMKINÇILIK» ATLY INKLÝUZIW FESTIWALY GEÇIRILDI surady

    04/12/2025

    «ÇÄKSIZ DÜNÝÄ: HEMMELER ÜÇIN DEŇ MÜMKINÇILIK» ATLY INKLÝUZIW FESTIWALY GEÇIRILDI
    MERKEZI AZIÝA: DURNUKLY YKDYSADY ÖSÜŞIŇ TÄZE  MERKEZINE ÖWRÜLÝÄR surady

    03/12/2025

    MERKEZI AZIÝA: DURNUKLY YKDYSADY ÖSÜŞIŇ TÄZE MERKEZINE ÖWRÜLÝÄR
    Onlaýn açyk sapak geçirildi surady

    03/12/2025

    Onlaýn açyk sapak geçirildi
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI