Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • BÄSLEŞIKLERIŇ JEMLERI JEMLENDI
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ZIMBABWE RESPUBLIKASYNYŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • INSTITUTYŇ TALYPLARY ÜÇIN ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA TEMATIK OKUW SAPAKLARY
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ V SAÝLAMA OÝNY
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
        • «DIPLOMATIK PROTOKOL» ATLY ÝÖRITELEŞDIRILEN OKUW MERKEZINIŇ DIŇLEÝJILERINE ŞAHADATNAMALAR GOWŞURYLDY
    • Media
    Esasy / Bildirişler / «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly utgaşykly görnüşde geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahaty
    «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly utgaşykly görnüşde geçiriljek halkara ylmy-amaly  maslahaty surady
    09/03/2026

    95

    «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly utgaşykly görnüşde geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahaty

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2026-njy ýylyň 12-13-nji maýynda «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly utgaşykly görnüşde geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar
    Ylmy maslahatyň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus.
    Ylmy maslahatyň tematiki ugurlary:
    I bölüm. Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy.
    II bölüm. Ykdysady diplomatiýa – durnukly ösüş maksatlary ugrundaky hyzmatdaşlygyň netijeli guraly.
    III bölüm. Medeni diplomatiýa: ynsanperwer gatnaşyklarynyň milli we umumadamzat ähmiýetli ýörelgeleri.
    IV bölüm. Halkara gatnaşyklary boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň dünýä tejribesi: ylym-bilim we okuw-usuly işler.
    Ylmy maslahata gatnaşmak üçin degişli resminamalar, nutuklaryň gysgaça beýanlary we annotasiýalary 2026-njy ýylyň 16-njy apreline çenli kabul edilýär.
    Düzgünlere laýyk gelmeýän we bellenilen möhletden soň tabşyrylan işlere garalmaýar.
    Daşary ýurtly gatnaşyjylar maslahata sanly ulgam arkaly uzak aralykdan (distansion) hem gatnaşyp bilerler.
    HALKARA YLMY-AMALY MASLAHATA GATNAŞMAGYŇ ŞERTLERI:
    1. Maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänleriň her biri diňe bir nutuk hödürläp biler we awtorlar ikiden köp bolmaly däldir.
    2. Işiň mazmuny özbaşdak ylmy-barlag häsiýetli we ady bilen kybapdaş bolmaly. Temanyň derwaýyslygy, öwreniliş derejesi, täzeçilligi we geçirilen ylmy-barlag işleriň netijeleri ylmy esasda beýan edilmelidir.
    3. Maslahata gatnaşmak üçin nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalary taýýarlanylmaly. Nutugyň gysgaça beýany ylmy-amaly maslahatyň iş dilleriniň birinde, annotasiýalar bolsa beýleki iki dilde bolmaly.
    4. Maslahata ýerli gatnaşyjylar annotasiýanyň iňlis we rus dillerine terjimelerini ýokary okuw mekdepleriniň degişli kafedralarynda ýa-da terjime edaralarynda tassyklatmaly.
    5. Maslahata daşary ýurtly gatnaşyjylaryň nutuklarynyň annotasiýalarynyň türkmen we rus dillerine terjimesi Guramaçylyk topary tarapyndan ýerine ýetiriler.
    6. Maslahata ýerli gatnaşyjylaryň ylmy işiniň gysgaça beýany we annotasiýalar awtoryň işleýän edarasynda seredilmeli we Guramaçylyk toparyna iberilmeli. Hata nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalaryň elektron görnüşleri goşulmaly.
    7. Iberilen resminamalaryň mazmunyna awtorlar şahsy jogapkärçilik çekýärler.
    8. Maslahata gatnaşmak üçin hasaba alnyş görnüşi doldurylmaly (adaty şrift, Times New Roman, 12 pt)
    ÇYKYŞLARYŇ GYSGAÇA BEÝANLARYNY TAÝÝARLAMAKDA BILDIRILÝÄN TALAPLAR:
    1. Gysgaça beýanyň möçberi A4 formatda 1-1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň her biriniň (iňlis we rus dillerinde) möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly, açar sözler 5-8 sözden ybarat bolmaly.
    2. Sahypa ölçegleri: ýokary we aşak taraplarda – 2,0 sm, çep tarapda – 2,5 sm, sag tarapda – 1,5 sm., oriýentasiýasy – “kitap” görnüşli, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1.
    3. Çykyşyň gysgaça beýany we annotasiýalary bir faýlda saklanylmaly hem-de aşakdaky görnüşde bolmaly:
    * gysgaça beýanyň we annotasiýalaryň atlary baş harplar bilen 16-lyk şriftde goýy gara görnüşde ýazylmaly we setiriň merkezi boýunça deňlenilmeli;
    * tekstiň başynda awtoryň ady, familiýasy sahypanyň sag gyrasy boýunça deňlemek bilen 14 lik şriftde setir harplar bilen goýy gara ýazylmaly, döwletiň ady ýaýyň içinde görkezilmeli;
    * eger nutugyň iki awtory bar bolsa, ilki çykyş edýäniň ady, familiýasy görkezilmeli;
    * çykyşyň gysgaça beýanynyň tekstini ýazmazdan öň 1 setir goýbermeli;
    * çykyşyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalaryň tekstleri setiriň ini boýunça deňlenilmeli.
    * edebi çeşmeleriň salgylanmalary çykyşyň beýanynda inedördül ýaýyň içinde sanlar bilen belgilenilýär: [1; sah.5], [2], [3-5] we ş.m. edebiýatlaryň sanawy makalanyň ahyrynda ýerleşdirilmeli, öň ýanyndan EDEBIÝATLAR diýen sözbaşy ýazylmaly;
    * çykyşyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalarynyň sahypalary belgilenilmeýär.
    Bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän işlere garalmaýar.
    Ylmy-amaly maslahatyň kadalaryna laýyklykda, işiň mazmuny we netijeleri awtoryň şahsy ylmy zähmetiniň miwesi bolmalydyr. Emeli aňyň kömegi bilen döredilen maglumatlaryň mukdarynyň bellenen çäkden geçmegi, işiň maslahata kabul edilmezligine sebäp bolup biler.
    Maslahatdaky çykyşyň tekstiniň nusgasy 2-nji Goşundyda berilýär.
    Iş tabşyrylandan soňra hödürlenilen düzedişler we goşundylar kabul edilmeýär.
    Guramaçylyk toparynyň karary boýunça hödürlenen talaba laýyk däl nutuk ylmy maslahata kabul edilmän bilner.
    Tabşyrylan resminamalar yzyna gaýtarylmaýar.
    Maslahata hödürlenilýän nutugyň elektron görnüşi ugradylanda faýlyň ady çykyş edýäniň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «tez» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, çykyş edýän – Ataýew Ata, faýlyň ady – «Ataýew A. tez».
    Hasaba alnyş görnüşleri nutugyň ähli awtorlary tarapyndan doldurylýar we bir faýlda ýerleşdirilýär. Ilki bilen ylmy maslahatda çykyş edýäniň, soňra awtordaşyň hasaba alnyş görnüşleri ýerleşdirilýär. Hasaba alnyş maglumaty üçin faýlyň ady awtoryň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «reg» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, «Ataýew A. reg». Sargydyň görnüşi 1-nji Goşundyda berilýär.
    Faýllary arhiwirlemeli däl!
    Habarlaşmak üçin:
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty
    Telefon: +99365-55-23-52; faks: +99312-26-61-83
    Elektron poçta: conferencetkm@gmail.com
    Maslahat baradaky ähli maglumatlar iirmfa.edu.tm saýtynda ýerleşdirilen.
    Goşundy 1.
    Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylary hasaba alnyş görnüşi
    Familiýasy
     Ady
    Atasynyň ady
    Işleýän (okaýan) ýeriniň doly ady
    Wezipesi
    Alymlyk derejesi, ady
    Hünäri (ýokary okuw mekdebini görkezmek bilen)
    Nutugyň ady (baş harplar bilen ýazmaly däl)
    Nutuk haýsy dilde taýýarlandy
    Nutugyň tematiki ugry
    Maslahata gatnaşmagynyň görnüşi (onlaýn ýa-da oflaýn)
    Fotosurat (3x4)

    Goşundy 2.
    «TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASATY WE DIPLOMATIÝASY:
    PARAHATÇYLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ HATYRASYNA HYZMATDAŞLYK»
    atly utgaşykly görnüşde geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmak üçin çykyşyň tekstiniň nusgasy.

    A.Amanow
    (Türkmenistan)

    ÇYKYŞYŇ ADY

           Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst. Tekst.

    EDEBIÝATLAR
    1. Türkmenistanyň Mejlisiniň maglumatlary. 2012 ý., №3, 71-nji madda

    Annotasiýa. Annotasiýanyň teksti (0,5 sahypadan geçmeli däl). Annotasiýanyň teksti (0,5 sahypadan geçmeli däl). Annotasiýanyň teksti (0,5 sahypadan geçmeli däl). Annotasiýanyň teksti (0,5 sahypadan geçmeli däl). Annotasiýanyň teksti (0,5 sahypadan geçmeli däl). Annotasiýanyň teksti (0,5 sahypadan geçmeli däl). Annotasiýanyň teksti (0,5 sahypadan geçmeli däl).
    Açar sözler: 5-8 açar söz, 5-8 açar söz, 5-8 açar söz, 5-8 açar söz.

    A.Amanow
    (Turkmenistan)
    THE TITLE OF AN ARTICLE
          Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text.Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text.Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text.Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text. Text.

    LITERATURE
    1. Family Code of Turkmenistan, 2012.

    Abstract.Text of annotation (limited to a volume of 0,5 pages). Text of annotation (limited to a volume of 0,5 pages). Text of annotation (limited to a volume of 0,5 pages). Text of annotation (limited to a volume of 0,5 pages). Text of annotation (limited to a volume of 0,5 pages). Text of annotation (limited to a volume of 0,5 pages). Text of annotation (limited to a volume of 0,5 pages).
    Keywords: 5-8 keywords. 5-8 keywords. 5-8 keywords. 5-8 keywords.

    А.Аманов
    (Туркменистан)
    ЗАГОЛОВОК СТАТЬИ
             Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст. Текст.

    ЛИТЕРАТУРА
    1. Гражданский Кодекс Туркменистана, 2012.
    Аннотация. Текст аннотации (объем текста не должен превышать 0,5 страницы.). Текст аннотации (объем текста не должен превышать 0,5 страницы.). Текст аннотации (объем текста не должен превышать 0,5 страницы.). Текст аннотации (объем текста не должен превышать 0,5 страницы.). Текст аннотации (объем текста не должен превышать 0,5 страницы.).
    Ключевые слова: 5-8 слов. 5-8 слов. 5-8 слов. 5-8 слов. 5-8 слов.

    Soňky täzelikler

    «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti»  atly III halkara bäsleşigi surady

    09/03/2026

    «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly III halkara bäsleşigi
    Geografiýa we Ekologiýa derslerinden bäsleşik surady

    06/03/2026

    Geografiýa we Ekologiýa derslerinden bäsleşik
    «Nowruz — ruhubelentligiň we ösüşleriň baýramy» atly  DÖREDIJILIK FESTIWALYNYŇ DÜZGÜNNAMASY surady

    27/02/2026

    «Nowruz — ruhubelentligiň we ösüşleriň baýramy» atly DÖREDIJILIK FESTIWALYNYŇ DÜZGÜNNAMASY
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI