09/03/2026
101
«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly utgaşykly görnüşde geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahaty
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2026-njy ýylyň 12-13-nji maýynda «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly utgaşykly görnüşde geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar
Ylmy maslahatyň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus.
Ylmy maslahatyň tematiki ugurlary:
I bölüm. Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy.
II bölüm. Ykdysady diplomatiýa – durnukly ösüş maksatlary ugrundaky hyzmatdaşlygyň netijeli guraly.
III bölüm. Medeni diplomatiýa: ynsanperwer gatnaşyklarynyň milli we umumadamzat ähmiýetli ýörelgeleri.
IV bölüm. Halkara gatnaşyklary boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň dünýä tejribesi: ylym-bilim we okuw-usuly işler.
Ylmy maslahata gatnaşmak üçin degişli resminamalar, nutuklaryň gysgaça beýanlary we annotasiýalary 2026-njy ýylyň 16-njy apreline çenli kabul edilýär.
Düzgünlere laýyk gelmeýän we bellenilen möhletden soň tabşyrylan işlere garalmaýar.
Daşary ýurtly gatnaşyjylar maslahata sanly ulgam arkaly uzak aralykdan (distansion) hem gatnaşyp bilerler.
HALKARA YLMY-AMALY MASLAHATA GATNAŞMAGYŇ ŞERTLERI:
1. Maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänleriň her biri diňe bir nutuk hödürläp biler we awtorlar ikiden köp bolmaly däldir.
2. Işiň mazmuny özbaşdak ylmy-barlag häsiýetli we ady bilen kybapdaş bolmaly. Temanyň derwaýyslygy, öwreniliş derejesi, täzeçilligi we geçirilen ylmy-barlag işleriň netijeleri ylmy esasda beýan edilmelidir.
3. Maslahata gatnaşmak üçin nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalary taýýarlanylmaly. Nutugyň gysgaça beýany ylmy-amaly maslahatyň iş dilleriniň birinde, annotasiýalar bolsa beýleki iki dilde bolmaly.
4. Maslahata ýerli gatnaşyjylar annotasiýanyň iňlis we rus dillerine terjimelerini ýokary okuw mekdepleriniň degişli kafedralarynda ýa-da terjime edaralarynda tassyklatmaly.
5. Maslahata daşary ýurtly gatnaşyjylaryň nutuklarynyň annotasiýalarynyň türkmen we rus dillerine terjimesi Guramaçylyk topary tarapyndan ýerine ýetiriler.
6. Maslahata ýerli gatnaşyjylaryň ylmy işiniň gysgaça beýany we annotasiýalar awtoryň işleýän edarasynda seredilmeli we Guramaçylyk toparyna iberilmeli. Hata nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalaryň elektron görnüşleri goşulmaly.
7. Iberilen resminamalaryň mazmunyna awtorlar şahsy jogapkärçilik çekýärler.
8. Maslahata gatnaşmak üçin hasaba alnyş görnüşi doldurylmaly (adaty şrift, Times New Roman, 12 pt)
ÇYKYŞLARYŇ GYSGAÇA BEÝANLARYNY TAÝÝARLAMAKDA BILDIRILÝÄN TALAPLAR:
1. Gysgaça beýanyň möçberi A4 formatda 1-1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň her biriniň (iňlis we rus dillerinde) möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly, açar sözler 5-8 sözden ybarat bolmaly.
2. Sahypa ölçegleri: ýokary we aşak taraplarda – 2,0 sm, çep tarapda – 2,5 sm, sag tarapda – 1,5 sm., oriýentasiýasy – “kitap” görnüşli, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1.
3. Çykyşyň gysgaça beýany we annotasiýalary bir faýlda saklanylmaly hem-de aşakdaky görnüşde bolmaly:
* gysgaça beýanyň we annotasiýalaryň atlary baş harplar bilen 16-lyk şriftde goýy gara görnüşde ýazylmaly we setiriň merkezi boýunça deňlenilmeli;
* tekstiň başynda awtoryň ady, familiýasy sahypanyň sag gyrasy boýunça deňlemek bilen 14 lik şriftde setir harplar bilen goýy gara ýazylmaly, döwletiň ady ýaýyň içinde görkezilmeli;
* eger nutugyň iki awtory bar bolsa, ilki çykyş edýäniň ady, familiýasy görkezilmeli;
* çykyşyň gysgaça beýanynyň tekstini ýazmazdan öň 1 setir goýbermeli;
* çykyşyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalaryň tekstleri setiriň ini boýunça deňlenilmeli.
* edebi çeşmeleriň salgylanmalary çykyşyň beýanynda inedördül ýaýyň içinde sanlar bilen belgilenilýär: [1; sah.5], [2], [3-5] we ş.m. edebiýatlaryň sanawy makalanyň ahyrynda ýerleşdirilmeli, öň ýanyndan EDEBIÝATLAR diýen sözbaşy ýazylmaly;
* çykyşyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalarynyň sahypalary belgilenilmeýär.
Bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän işlere garalmaýar.
Ylmy-amaly maslahatyň kadalaryna laýyklykda, işiň mazmuny we netijeleri awtoryň şahsy ylmy zähmetiniň miwesi bolmalydyr. Emeli aňyň kömegi bilen döredilen maglumatlaryň mukdarynyň bellenen çäkden geçmegi, işiň maslahata