769
«TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASATY WE DIPLOMATIÝASY: PARAHATÇYLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ HATYRASYNA HYZMATDAŞLYK» ATLY HALKARA YLMY-AMALY MASLAHATY GEÇIRILÝÄR
2025-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Oňa dünýä döwletleriniň 11-sinden ýagny, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Belgiýa Patyşalygyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Katar Döwletinden, Özbegistandan, Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistandan, Rumyniýadan ylmy-döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly II halkara bäsleşigine gatnaşyjylar şeýle hem, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar institutyň eýwanynda guralan ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, Bitaraplygyny, berkarar türkmen döwletiniň abadan durmuşyny şöhlelendirýän hem-de halkymyzyň taryhyndan söz açýan amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisini synladylar. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň eserleri, türkmen halkynyň milli gymmatlyklary maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Myhmanlar Türkmen diplomatiýasynyň taryhy muzeýine hem aýlanyp gördüler.
Soňra maslahatyň umumy mejlisi boýunça çykyşlara giň orun berildi. Ilki bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşyjylara gutlag sözi bilen çykyş etdi. Şeýle hem maslahatda Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory Mohamed Al-Horr, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň müdiri, taryh ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň ussat diplomaty Amangeldi Rahmanow, Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler uniwersitetiniň Russiýa boýunça ylmy-barlag merkeziniň müdiriniň orunbasary, filosofiýa ylymlarynyň doktory, dosent Çşan Szýan, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň (uniwersitetiniň) Halkara gatnaşyklary we Russiýanyň daşary syýasaty kafedrasynyň professory, taryh ylymlarynyň doktory Ýewgeniý Kožokin, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Syýasy we halkara barlaglar merkeziniň uly hünärmeni, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi Manuçer Moradi, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň El Paso şäherindäki Tehas uniwersitetiniň professory, filosofiýa ylymlarynyň doktory Murat Çoşanow, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin erkin uniwersitetiniň Gündogar Ýewropa gatnaşyklary bölüminiň müdiri Tobias Ştýudemann çykyş etdiler.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge bilelikde we işjeň gatnaşmak, ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, sebit we ählumumy derejede netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, oňyn halkara dialogyna hemmetaraplaýyn ýardam bermek Türkmenistanyň daşary syýasaty işiniň we diplomatiýasynyň strategik taýdan möhüm ugry bolup durýar. Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary halkara derejede ykrar edilip, Garaşsyz Watanymyz öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarlydyr. Çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirilýän dabaralaryň, şol sanda şu gezekki halkara ylmy-amaly maslahatyň eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen utgaşýandygyna aýratyn ünsi çekip, munuň 2025-nji ýylyň ähmiýetini has-da artdyrýandygyny, bu wakalaryň şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýandygyny bellediler. Şeýle-de, halkara ylmy amaly maslahatda Türkmenistanyň iş ýüzünde alyp barýan daşary syýasaty we amala aşyrýan halkara gatnaşyklary bu günki gün dünýä we sebit gatnaşyklaryny ösdürmek, ýakyn goňşy döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek babatynda ýokary bahalara mynasyp bolýandygyny nygtadylar.
Umumy mejlis tamamlanandan soňra, ylmy-amaly maslahat öz işini «Bitaraplyk syýasatynyň parahatçylygy dörediji ýörelgeleri: Türkmenistanyň milli tejribesi», «Ykdysady diplomatiýa ― durnukly ösüş ugrundaky hyzmatdaşlygyň netijeli guraly», «Medeni diplomatiýa: ynsanperwer gatnaşyklaryň milli we umumadamzat ähmiýetli ýörelgeleri», «Halkara gatnaşyklary boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň dünýä tejribesi: ylym-bilim we okuw-usuly işler» diýlip atlandyrylan dört bölümçede dowam etdi. Bölümçelerde çykyş edenler degişli temalar boýunça giňişleýin ylmy maglumatlary beýan etdiler. Hususan-da, çykyşlarda Türkmenistanyň abraýly halkara, sebit we döwletara hyzmatdaşlyk mehanizmlerine işjeň gatnaşmak bilen, parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýandygy, şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen maksada okgunly we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygynyň öňde durýan wezipeleri dogrusynda aýratyn bellenilip geçildi.
Suraý ÖWLIÝAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI