Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
        • 2026-NJY ÝYLDA YLMYŇ UGURLARY BOÝUNÇA ASPIRANTURA, DOKTORANTURA KABUL EDILJEK ASPIRANTLARYŇ, DOKTORANTLARYŇ HEM-DE ALYMLYK DEREJELERINE DALAŞGÄRLIGE HASABA ALYNJAK DALAŞGÄRLERIŇ SANY BARADA MAGLUMAT
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • SANLY ULGAM ARKALY GEÇIRILEN DUŞUŞYK
        • Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory bilen duşuşdy
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ILÇINIŇ GATNAŞMAGYNDA UMUMY SAPAK GEÇIRILDI
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • Täsirli duşuşyk
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Geçirilen duşuşyklar / Türkmenistanda iňlis dilini okatmagy ösdürmek boýunça duşuşyk
    Türkmenistanda iňlis dilini okatmagy ösdürmek boýunça duşuşyk
    Türkmenistanda iňlis dilini okatmagy ösdürmek boýunça duşuşyk
    27/01/2025

    1749

    Türkmenistanda iňlis dilini okatmagy ösdürmek boýunça duşuşyk

    Beýik Britaniýanyň Daşary ýurtdaky meýletinçilik gullugynyň (VSO) global tehniki ýolbaşçysy Purna Kumar Şrestanyň we global tejribe ýolbaşçysy Joýs Leýkeriň Türkmenistanda iňlis dilini okatmagy ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistana amala aşyrýan saparynyň çäklerinde 2025-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Begenç Mätliýew, institutyň halkara gatnaşyklary fakultetiniň dekany Merdan Berdinyýazow, Dünýä dilleri kafedrasynyň müdiri Maýa Atajanowa gatnaşdy.
    Duşuşygyň barşynda britan wekiliýeti türkmen diplomatiýasynyň ýokary okuw mekdebiniň düzümi, okadylýan hünärler, ugurlar, ýöriteleşdirilen merkezler, halkara hyzmatdaşlygy boýunça alnyp barylýan işler, hususan-da iňlis diliniň okadylyşy barada içgin tanyşdyryldy.
    Taraplar iňlis dilini okatmakda döwrebap usullary ornaşdyrmak, şol sanda mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we innowasion usulyýetleri ulanmak ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Beýik Britaniýa bilen Türkmenistanyň bilim edaralarynyň arasyndaky akademiki aragatnaşyklary berkitmegiň möhümligi aýratyn bellenildi.
    Bu duşuşyk Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky bilimi we iňlis dilini okatmagy kämilleşdirmekdäki, talyp ýaşlaryň we mekdep okuwçylarynyň dili öwrenmek babatynda başlangyçlary ilerletmekdäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde ýene-de bir möhüm ädim boldy.

    Ogulbeg GAZAKOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy.

    Soňky täzelikler

    SANLY ULGAM ARKALY GEÇIRILEN DUŞUŞYK surady

    30/01/2026

    SANLY ULGAM ARKALY GEÇIRILEN DUŞUŞYK
    Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory bilen duşuşdy surady

    28/01/2026

    Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory bilen duşuşdy
    BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK surady

    15/01/2026

    BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI