64
TÜRKMENISTANDA BILIMI SANLYLAŞDYRMAK UGRUNDA HALKARA HYZMATDAŞLYK GIŇELÝÄR
2025-nji ýylyň 29-njy awgustynda Aşgabat şäherinde «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde bilim ulgamynda emeli aňyň mümkinçilikleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu giň gerimli çäre bilimi sanlylaşdyrmak boýunça Milli maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamyndaky maglumat tehnologiýalary instituty (UNESCO IITE) tarapyndan bilelikde gurnaldy.
Maslahatyň işine ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, alymlary, ÝUNESKO kafedralarynyň we klublarynyň wekilleri, şeýle hem ÝUNESKO-nyň wekilleri we öňdebaryjy halkara bilermenler gatnaşdylar. Olar öz çykyşlarynda häzirki döwürde bilimiň sanlylaşdyrylmagynyň ähmiýeti, ýaşlaryň sanly we media sowatlylygynyň ösdürilmegi, emeli aňyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagynyň mümkinçilikleri barada möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler emeli aň tehnologiýalarynyň şahsylaşdyrylan okuwda, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekde, dürli pikirleriň çaknyşygyny üpjün etmekde we bilim maksatnamalarynyň jemgyýetiň häzirki döwürde ýüze çykýan zerurlyklaryna laýyklykda kämilleşdirilmeginde uly mümkinçiliklere eýedigini nygtadylar. Şeýle hem öňdebaryjy halkara tejribeler bilen tanyşmak, täze pikirleri alyşmak we geljekde bilelikde amala aşyryljak taslamalaryň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geçirilen maslahat ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýä derejesindäki ösüşlere laýyklykda kämilleşdirilmegine, halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine we emeli aň esasynda innowasion bilim tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm goşant bolar diýlip baha berilýär. Maslahatyň netijeleri ýurdumyzyň bilim ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, halkara bilim giňişligindäki ornuny pugtalandyrmaga we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegine ýardam berer.
ÝUNESKO-nyň goldawy bilen ýurdumyzyň bilim ulgamynda sanlylaşdyrmak boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda täze sanly infrastruktura döredilýär, mugallymlaryň hünär derejesi ýokarlandyrylýar, akylly okuw ulgamlary ornaşdyrylýar we milli sanly başarnyklaryň halkara derejesine laýyk standartlary işlenip düzülýär. Bu çäreler ýurdumyzyň ýaşlaryna döwrebap bilim alyp, häzirki zaman bilim giňişliginde bäsdeşlige ukyply nesil bolup ýetişmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Umuman, Aşgabatda geçirilen halkara maslahat Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, tejribe alyşmakda we täze tehnologiýa mümkinçiliklerini bilim ulgamyna ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.
Aýgözel ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy.