20/05/2026
72
TÜRKMEN WEKILIÝETI «RUSSIÝA — YSLAM DÜNÝÄSI: KAZANFORUM» HALKARA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY
Gahryman Arkadagymyzyň energetika ulgamynda halkara başlangyçlaryny amala aşyrmakda we sebitde hyzmatdaşlygy, ynanyşmagy berkitmekde «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumynyň ähmiýetine aýratyn uly orun degişlidir.
Türkmenistan bilen Russiýa halkara giňişlikde işjeň hyzmatdaşlyk saklap, BMG-niň we beýleki iri halkara guramalaryň çäklerinde aýratyn ähmiýetli başlangyçlarydyr teklipleri ilerletmekde birek-biregi yzygiderli goldaýarlar.
Dostlukly ýurtlar oňyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek bilen, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ugurlarda netijeli işleri durmuşa geçirýärler. Bu ugurlarda bar bolan kuwwatlyklary hasaba almak arkaly umumy tagallalaryň birleşdirilmegi has netijeli hasap edilýär.
Russiýanyň kuwwatly tehnologik, ylym-bilim mümkinçilikleri yslam dünýäsiniň aglaba döwletleriniň ösen infrastrukturasy, baý tebigy serişdeleri, ýaş we işjeň ilaty, ösüş üçin beýleki jedelsiz artykmaçlyklary bilen birlikde, giň gerimli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, öňdebaryjy durnukly gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňyn şertleri döredýär.
«KazanForumyň» maksady Russiýa bilen Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna girýän döwletleriň söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş we medeni gatnaşyklaryny berkitmek bolup durýar. Bu forum ilkinji gezek 2009-njy ýylda geçirildi. Şu ýyl bolsa foruma RF-niň Prezidentiniň karary bilen federal derejesi berildi.
Taryha nazar salsak, «KazanForum 2022» halkara ykdysady forumynda Tatarystan Respublikasynyň Başlygy Rustam Minnihanow: «20 milliondan gowrak musulmanyň ýaşaýan Russiýasynyň halal pudagy üçin uly geljegi bar. Mundan başga-da, bu diňe bir iýmit däl, eýsem, syýahatçylyk, lukmançylyk, IT tehnologiýalary we başga-da köp zat» diýip belläp geçdi.
«Russiýa—Yslam dünýäsi: KazanForum» XVI Halkara ykdysady forumynyň çäklerinde «Ojar Aziýa» türkmen kompaniýasy Russiýa bilen Yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyna bagyşlanan halkara serginiň milli pawilýonynda öz diwarlygyny gurady. Kompaniýanyň gurluşyk ugurly mümkinçilikleriniň we amala aşyrylýan taslamalarynyň tanyşdyrylmagy işewür toparlarda, maýadarlarda hem-de forumyň gatnaşyjylarynda uly gyzyklanma döretdi.
Türkmenistanyň gurluşyk bazarynda öňdebaryjy kompaniýalaryň biri hökmünde «Ojar Aziýa» öz esasy infrastruktura taslamasy bolan «Sarahs—Mary — Serhetabat» ýokary tizlikli awtomobil ýoluny aýratyn nygtady. Bu magistral diňe bir içerki ulag desgasyny däl-de, eýsem, sebit ähmiýetli «Lapis Lazuli» multimodal üstaşyr ulag geçelgesiniň strategik taýdan möhüm bölegini hem özünde jemleýär.
Taslamanyň halkara ähmiýeti onuň «Lapis Lazuli» geçelgesine goşulmagy bilen kesgitlenýär. Bu giň gerimli ulag başlangyjy 2017-nji ýylda bäş döwlet — Türkmenistan, Owganystan, Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe tarapyndan işe girizildi. Bu üstaşyr geçelge ykdysady integrasiýanyň çaltlandyrylmagyna, logistika arabaglanyşyklarynyň ösdürilmegine hem-de gatnaşyjy ýurtlara maýa goýumlarynyň çekilmegine ýardam berýär. Şeýle-de bu ýurtlaryň aglabasy Yslam dünýäsine degişli döwletlerdir.
Ekspozisiýa diňe ulag infrastrukturasynyň tanyşdyrylmagy bilen çäklenmedi. Diwarlygyň myhmanlary «Ojar Aziýa» holdinginiň düzümindäki beýleki gurluşlaryň işi bilen hem tanyşdylar. Olaryň arasynda «Garagum Tranzit» logistika kompaniýasy, «TMT Consulting Group» konsalting bölümi, «Türkmen hukukçylar topary» hukuk firmasy hem-de «Amatly çözgüt» IT işläp düzüjisi bar. Giň gerimli tanyşdyrylyş holdingiň gurluşyk, ulag-logistika, maslahat hyzmatlary, hukuk üpjünçiligi we maglumat tehnologiýalary ýaly ugurlary öz içine alýan köpugurly iş alyp barýandygyny görkezdi.
Pawilýonda ýerleşdirilen milli gymmatlyklar, Türkmenistanyň ýeten sepgitlerini şöhlelendirýän eksponatlar ýokary derejeli myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy. Türkmenistanyň Milli pawilýonynda Tatarystanyň Baştutanyna türkmen el halysy sowgat edildi. Bellenilişine görä, «Kazan halal bazary» atly halkara sergi-ýarmarkasyna şu ýyl Russiýanyň 11 sebitinden 100-den gowrak kompaniýa hem-de daşary ýurtlaryň wekilleri gatnaşdylar.
Forumyň çäklerinde Indoneziýa, Nigeriýa we Mali bilen üç hökümetara toparyň mejlisleri, Tatarystan, Türkmenistan, Gyrgyzystan we Palestina bilen hökümetara toparlaryň bilelikdäki başlyklarynyň duşuşyklary, şeýle hem Malaýziýa bilen iş toparynyň mejlisi geçirildi.
Şeýle-de, forumyň esasy temalarynyň yslam maliýesi, maýa goýumlary, halal senagaty, medeniýet, sport we häzirki jemgyýetde zenanlaryň orny boljakdygyny belledi. Bu ýylky çäre aýratyn ähmiýete eýe boldy, çünki «Kazan yslam dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Şonuň bilen baglylykda, maksatnama Yslam hyzmatdaşlygy guramasynyň agza ýurtlarynyň medeniýet ministrleriniň gurultaýyny hem öz içine aldy. Onuň sözlerine görä, Yslam hyzmatdaşlygy guramasynyň ýurtlary Tatarystanyň daşary söwda dolanyşygynyň takmynan, ýarysyny emele getirýär.
Forum 12— 17-nji maý aralygynda Kazanyň dürli meýdançalarynda geçirildi. 120-den gowrak çäreleri öz içine alan esasy işewürlik maksatnamasy 14-15-nji maýda «Kazan Expo» halkara sergi merkezinde geçirildi. Foruma 60-dan gowrak ýurtdan we Russiýanyň 20-ä golaý sebitinden wekiller gatnaşdy.
2026-njy ýylyň 14-15-nji maýy aralygynda «Kazan Expo» halkara sergi merkezinde XVII «Russiýa—Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumy geçirildi. Bu çäre Russiýa Federasiýasy bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin esasy meýdança bolup hyzmat etdi.
2026-njy ýylda bu forum dördünji gezek federal derejede geçirildi. Çäräniň ähmiýeti Kazan şäheriniň «Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen täze hormatly derejesi bilen has-da artdy.
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy