15/10/2026
86
Türkmen-rus gatnaşyklarynda arheologiýa işlerinde hyzmatdaşlyk atly webinar geçirildi
2026-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda taryh ylymlarynyň doktory Bahar Hojagulyýewanyň alyp barmagynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky arheologiýa pudagyndaky hyzmatdaşlyga we bilelikdäki ylmy-barlag işlerine bagyşlanan webinar geçirildi. Webinara iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri, belli arheologlar, taryhçy alymlar bilen bir hatarda medeni miras edaralarynyň hünärmenleri gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň çägindäki Merw, Nusaý, Dehistan we Marguş ýaly taryhy-medeni ýadygärliklerde türkmen we rus alymlarynyň uzak ýyllaryň dowamynda geçiren arheologik barlaglarynyň netijeleri bellenilip geçildi. Arheologiýa işlerinde döwrebap sanly tehnologiýalary we barlag usullaryny ulanmak barada pikir alşyldy.
Taryhy tapyndylary arhiwleşdirmek babatynda iki ýurduň muzeýleriniň we ylmy edaralarynyň arasynda tapylan taryhy eksponatlary öwrenmek hem-de dikeltmek işlerinde tejribe alyşmagyň möhümdigi nygtaldy.
Geçirilen bu webinar türkmen-rus medeni-ynsanperwer we ylmy gatnaşyklarynyň barha ösýändigini hem-de iki halkyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmekde we gorap saklamakda arheologiýa hyzmatdaşlygynyň uly orun eýeleýändigini ýene bir gezek subut etdi.
Rahmanberdi AÝNAZAROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby