09/10/2026
25
TÜRKMEN HALYSYNYÑ MILLI MUZEÝINE GEZELENÇ
2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýetçilik guramalarynyň şeýle-de “Ýaş žurnalistler” atly ylmy – döredijilik gurnagynyň bilelikde guramagynda Türkmen halysynyñ milli muzeýine gezelenç guraldy.
Gezelenjiň dowamynda oňa gatnaşyjylar türkmen zenanlarynyň yhlasyndan syzlyp çykan deňsiz-taýsyz, gadymy türkmen halylarynyň dokalyş taryhy, milli nagyşlaryň döreýşi, haly gölleriniň tapawutly aýratynlyklary barada täsin maglumatlar bilen tanyşdylar. Bu muzeýde özüniň nepisligi, dokalyş aýratynlygy, döreýiş taryhy boýunça tapawutlanýan 2000-e golaý haly eksponatlary bar.Türkmen zenanlarynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny gorap saklamakda, öz milliligimize bolan söýgini ösdürmekde we gelejekki nesillerimize ýetirmekde şeýle gezelençleriň ähmiýeti örän uludyr. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen türkmen halysynyň dünýä mirasyndaky ornuny dabaralandyrmak, nesilden-nesle geçip gelýän halyçylyk sungatyny ýaş nesillerimize ýetirmek maksady bilen guralan bu gezelenç talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy.
Ogulhajat NURYÝEWA,
Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiñ
Halkara gatnaşyklary institutynyñ
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniñ 1-nji ýyl talyby