17/04/2026
21
TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ MÖHÜM UGURLARY BOÝUNÇA OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda paýtagtymyzyň mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlary bolan “Öňüni alyş diplomatiýasy” we “Energetika diplomatiýasy” boýunça okuw sapagy geçirildi. Ol institutymyzyň “Ýaş diplomatlar” gurnagy tarapyndan ýaş nesliň diplomatik gullugyň esaslaryna bolan gyzyklanmasyny artdyrmak we ýurdumyzyň daşary syýasy ugrunyň ähmiýetini düşündirmek maksady bilen guraldy. Okuw sapagyny Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy Hemragylyç Nurmämmedow we Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy Perhat Mahremow alyp bardy. Mugallymlar öz çykyşynda okuwçylara türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlary bolan öňüni alyş we energetika diplomatiýasy boýunça giňişleýin gürrüň berdi.
Sapagyň ahyrynda okuwçylar mugallyma halkara gatnaşyklarynda türkmen diplomatiýasy barada özlerini gyzyklandyrýan soraglara täsirli jogaplary aldylar. Mekdep okuwçylarynyň şeýle okuw sapaklaryna gatnaşmagy olaryň geljekde hünär saýlamagyna we Watanymyzyň halkara abraýyna goşant goşjak hünärmenler bolup ýetişmegine uly itergi berer.
Aýnur MYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.