Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • YLYM-BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-EÝRAN HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
        • ASTRAHAN DÖWLET UNIWERSITETINIŇ REKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
        • HALKARA GATNAŞYKLARY ULGAMYNDA TÜRKMEN-ERMENI HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
        • Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Туркменистан-Польша: сотрудничество ради мира и прогресса
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Habarlar / TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ MILLI MEKDEBINIŇ TALYPLARY «FRANKOFONIÝA – 2026» BÄSLEŞIGINIŇ SAÝLAMA TAPGYRLARYNA GATNAŞDYLAR
    TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ MILLI MEKDEBINIŇ TALYPLARY «FRANKOFONIÝA – 2026» BÄSLEŞIGINIŇ SAÝLAMA TAPGYRLARYNA GATNAŞDYLAR
    TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ MILLI MEKDEBINIŇ TALYPLARY «FRANKOFONIÝA – 2026» BÄSLEŞIGINIŇ SAÝLAMA TAPGYRLARYNA GATNAŞDYLAR
    TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ MILLI MEKDEBINIŇ TALYPLARY «FRANKOFONIÝA – 2026» BÄSLEŞIGINIŇ SAÝLAMA TAPGYRLARYNA GATNAŞDYLAR
    TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ MILLI MEKDEBINIŇ TALYPLARY «FRANKOFONIÝA – 2026» BÄSLEŞIGINIŇ SAÝLAMA TAPGYRLARYNA GATNAŞDYLAR
    12/03/2026

    86

    TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ MILLI MEKDEBINIŇ TALYPLARY «FRANKOFONIÝA – 2026» BÄSLEŞIGINIŇ SAÝLAMA TAPGYRLARYNA GATNAŞDYLAR

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwrenmek we medeni diplomatiýany ilerletmek ugrunda alyp barýan işleriniň çäklerinde ýokary okuw mekdebiň talyplary «Frankofoniýa – 2026» bäsleşiginiň saýlama tapgyrlaryna işjeň gatnaşdylar. Bäsleşik Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanyndaky Fransuz instituty tarapyndan «Hereketde bolmak» («En mouvement») atly şygar astynda guraldy. Fransuz diliniň diplomatiýanyň esasy dilleriniň biridigini we institutyň döredilen gününden bäri okadylýandygyny bellemek gerek.
    Halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy berkitmegi we zehinli ýaşlary ýüze çykarmagy maksat edinen bu bäsleşik birnäçe döredijilik we intellektual ugurlardan ybarat boldy. Talyplar saýlama tapgyrlarda dili biliş derejeleriniň çuňlugyny we sahna ussatlygyny görkezmegi başardylar.
    Bäsleşigiň ugurlary boýunça gazanylan netijeler:
    Dilden orfografiýa (Orthographe à l’oral): 2026-njy ýylyň 12-nji martynda institutda geçirilen bu ugruň saýlama tapgyryny Fransuz institutynyň direktory Winsent Lorensini we medeniýet meseleleri boýunça attaşesi Mona Lorendel alyp bardy. Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyplary Nurbibi Guljanowa we Sumaýa Nuryýewa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary bilen jemleýji tapgyrda bäsleşmäge hukuk gazandylar. Olar bu tapgyrda «birme-bir» görnüşde bäsleşerler.
    Aýdym aýtmak bäsleşigi (Concours de chanson): «En mouvement» temasy boýunça fransuz saz sungatynyň nusgawy eserlerini ýerine ýetirmekde Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň we Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyplary Mähri Guzyçyýewa hem-de Sona Abaýewa öz ussatlyklaryny görkezdiler. Eminler aýdymçylara dört kriteriýa: aýdymyň tema gabat gelmegi, dili biliş derejesi, sahna medeniýeti we ýerine ýetirijilik ukyby boýunça baha bererler.
    Düzme ýazmak bäsleşigi (Concours d’écriture): Fransuz institutynda guralan bu tapgyrda talyplar analitiki pikirlerini fransuz dilinde erkin we döredijilikli beýan etdiler.
    Saýlama tapgyrlarda tapawutlanan talyplar 2026-njy ýylyň 4-nji aprelinde geçiriljek jemleýji tapgyra we sylaglamak dabarasyna gatnaşarlar.
    Talyplarymyzyň gazanan üstünlikleri ýurdumyzda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň aýdyň subutnamasydyr. Bäsleşige gatnaşyjylar bilim ulgamyny yzygiderli goldaýan, daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin döwrebap şertleri döredýän hem-de türkmen diplomatiýasynyň halkara abraýyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarlar.

    Ogulbeg GAZAKOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Dünýä dilleri kafedrasynyň fransuz dili mugallymy.

    Soňky täzelikler

    «FRANKOFONIÝA – 2026» BÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY WE ÝEŇIJILERI SYLAGLAMAK DABARASY surady

    04/04/2026

    «FRANKOFONIÝA – 2026» BÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY WE ÝEŇIJILERI SYLAGLAMAK DABARASY
    Ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi surady

    03/04/2026

    Ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi
    HÄZIRKI ZAMAN JEMGYÝETINDE ZENANLARYŇ ORNUNA BAGYŞLANAN MASLAHAT surady

    31/03/2026

    HÄZIRKI ZAMAN JEMGYÝETINDE ZENANLARYŇ ORNUNA BAGYŞLANAN MASLAHAT
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI