30/05/2026
21
TEMMÄKÄ GARŞY BÜTINDÜNÝÄ GÖREŞ GÜNI MYNASYBETLI PREZENTASIÝA BÄSLEŞIGI
2026-njy ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň “Ýaş diplomatlar” ylmy gurnagynyň guramagynda institutyň ähli hünärleriniň talyplarynyň arasynda “Temmäkä garşy Bütindünýä göreş güni” mynasybetli prezentasiýa bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşigiň maksady ýaşlaryň we jemgyýetiň arasynda temmäki önümleriniň ynsan saglygyna we daşky gurşawa ýetirýän zyýany barada habarlylygyny ýokarlandyrmakdan ybarat bolup durýar. Şeýlelikde, talyplar prezentasiýa çykyşlarynda Türkmenistanyň temmäkä garşy göreşmek boýunça döwlet maksatnamalaryny hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) bu ugurdaky halkara kadalaryny beýan etdiler.
Bäsleşigiň jeminde emin agzalaryň gelen netijelerine görä ýeňiji talyplara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Talyp AGAMURADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby