09/04/2025
531
Täsirliligi bilen tapawutlanan ylmy seminar
2025-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara
gatnaşyklary institutynda Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň guramagynda
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli «Bitarap Türkmenistanyň
halkara medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmekdäki tejribesi: ÝUNESKO
bilen hyzmatdaşlyk» atly ylmy seminar we açyk sapak geçirildi. Oňa türkmen
diplomatiýasynyň milli mekdebiniň professor-mugallymlary, talyplary gatnaşdylar.
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Dilber Hekimowanyň alyp
barmagynda dowam eden ylmy seminarda ilkinji bolup Dünýä dilleri kafedrasynyň
mugallymy Aýgözel Öwezowa, Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa
kafedrasynyň mugallymy Aýgözel Baýramowa dagy çykyş etdi. Soňra bolsa ylmy
seminar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary
institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Serdar
Ýazjumaýewiň, Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Döwletýar
Arçamyradowyň, Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby
Medine Ýusupowanyň çykyşlary bilen dowam etdi. Söz sözlänler ýurdumyzyň
halkara arenada oýlanyşykly alyp barýan Bitaraplyk syýasaty barada aýtmak bilen
Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy, asudalygy
pugtalandyrmakda birnäçe işlere amal edip geljekde-de şeýle işleriň ençemesini
ýerine ýetirmegi meýilleşdirýändigini hem bellediler. Şeýle gürrüňleriň astynda
geçen ylmy seminar we açyk sapak täsirliligi bilen tapawutlandy.
Baýnazar BAÝHANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI