Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • TÜRKMEN MILLI LYBASLARYNYŇ GÖRKEZILIŞ DABARASY GEÇIRILDI
        • «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde okuw sapagy geçirildi
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Энергия, климат и транспорт: подход Туркменистана к приоритетам регионального развития
        • Дигитализация и AI как драйвер ускорения на треке Центральная Азия – Республика Корея
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
        • “Kiberhowpsuzlyk boýunça strategiýalar” atly sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby / Täsinlige baý çaý
    Täsinlige baý çaý surady
    07/07/2023

    1335

    Täsinlige baý çaý

    Çaý täsinlige baý ösümlikdir. Onuň döreýiş taryhy hem täsindir. Bir meşhur rowaýata görä, çaý içgisi tötänleýin ýüze çykypdyr. V müň ýyl mundan ozal, hytaýly gahryman Şen-nunyň gaýnap duran gazanyna birnäçe çaý ýapraklary gaçypdyr. Onuň netijesinde emele gelen içgi hytaýla ýarapdyr we ol ömrüniň ahyryna çenli bu içgini içipdir. Gadymy hytaý ylmy çeşmeleriniň birinde: «Çaý ruhuňy galkyndyrýar, pikirlenişiňi gowulandyrýar, ýaltalyga ýol bermeýär, bedeniňi ýeňledýär, päkleýär, aňyňy aýdyňlaşdyrýar» diýlip bellenilýär. Gadymdan bäri mälim bolan bu häsiýetleri üçin çaý häzirki wagtda hem peýdalanylýar. Ol kellagyryny aýyrmakda, güýç-kuwwatyňy dikeltmekde ornuny çalşyp bolmajak derman serişdesi hasaplanylýar. Geliň, onda çaý hakynda gyzykly maglumatlara ser salalyň! Fransuz monarhy Lýudowik XIV çaýa ilkinji endik edenleriň biri hasaplanýar. Patyşa hytaýlylaryň bu içgini köp kesele garşy göreşmek üçin ulanýandyklary barada habar berlende, ony öz eli bilen barlamak kararyna gelýär. Hytaý dünýäde gara we gök çaýdan başga-da sary we ak reňkde çaý öndürýän ýeke-täk ýurtdur. Çaý Hytaýda, Hindistanda we Türkiýede has meşhurdyr. Amerikalylar çaýy kofeden 25 esse az sarp edýärler. Hytaýlylar çaýy diňe gyzgyn görnüşinde, ýaponlar bolsa köplenç ony sowadyp içýärler. Soňky ýyllarda bütin dünýäde bu içgini halaýanlaryň sany barha artýar. Ol birgiden däpleri özünde jemleýär, şonuň üçin 2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 2-sine çaý içmek medeniýeti Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu haýyşnama şol wagtlar Rabatda geçýän ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça hökümetara komitetiniň 17-nji mejlisinde garaldy. Çaý içişlik güni bütin dünýäde 15-nji dekabrda dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Keniýanyň ÝUNESKO-daky hemişelik wekiliniň orunbasary Ewa Maýna şeýle gürrüň berýär: — Keniýada islendik öýe myhman bolsaňyz, ilki bilen, size «Karibu çaý», ýagny «Bir käse çaýa hoş geldiňiz» diýerler. Çaý içişlik bu gün hemmeleri birleşdirýän parahatçylyk däbine öwrüldi diýilse-de bolar. Ol telekeçileri, maşgalalary, dostlary, umuman, dünýädäki ähli adamlary birleşdirýär. Hoşboý ysly bir käse çaýyň başyndaky söhbet ýatlary dostlaşdyrýar, täze tanyşlyklara ýol açýar. ÝUNESKO-da hem çaý içişlik gününiň geljekde bütin dünýäde parahatçylygy berkitmek üçin ýene bir däp boljakdygyna ynanýarlar. Häzirki wagtda çaý gününi bellemek köp ýurtlarda däbe öwrülip barýar. Türkmen medeniýetinde hem çaýyň orny uludyr. Ýurdumyzyň howa şertlerini nazara alsak, çaý ýerli ilat üçin dostana söhbetdeşlige ýol açýar. Türkmenler nirede mesgen tutsalar-da, çaýsyz oňmandyrlar. Mysal üçin, Atly teke polkunyň çapyksuwarlaryna watanyndan gök çaýly gülebentler gelipdir. Ine, bu 1916-njy ýylyň fewralynda Hanymlar komitetiniň adyna frontdan gelen hatlaryň biriniň mazmuny: «Türkmen atly polky polka iberilen sahy sowgatlar üçin minnetdarlyk bildirýär». Sowgat 32 kilogram çaý we 30 kilogram şekerden ybarat bolupdyr. Gahryman Arkadagymyz «Çaý – melhem hem ylham» atly ajaýyp kitabynda çaýyň adam saglygyna peýdasy, onuň dürli görnüşleriniň taýýarlanyş usullary barada gyzykly maglumatlary getiripdir. Gahryman Arkadagymyzyň bahasyna ýetip bolmajak bu gymmatly kitaby dünýä ýüzünde örän uly ähmiýete eýedir.

    Gurbangül SAPAROWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    TÜRKMEN MILLI LYBASLARYNYŇ GÖRKEZILIŞ DABARASY GEÇIRILDI surady

    20/06/2025

    TÜRKMEN MILLI LYBASLARYNYŇ GÖRKEZILIŞ DABARASY GEÇIRILDI
    «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde okuw sapagy geçirildi surady

    17/06/2025

    «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde okuw sapagy geçirildi
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI